Medeni miras – milletiň ruhy dünýäsiniň özeni

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyzda adamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrülen taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen işleriň uly tapgyry amala aşyrylýar. Häzirki güne çenli halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň müňden gowragy hasaba alnyp, bu sanaw taryhy ähmiýetli açyşlaryň hasabyna yzygiderli artýar. Bu ugurda Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaý galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy üçin durmuşa geçirilýän işleriň aýdyň netijesidir. Bu bolsa taryhy-medeni mirasa baý ata Watanymyza dünýä syýahatçylarynyň, jahankeşdeleriň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň ençeme ähmiýetli arheologik ýadygärlikleri Beýik Ýüpek ýoly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu möhüm ýol Merkezi Aziýanyň, şol sanda, Diýarymyzyň üstünden geçipdir we türkmen topragymyzyň medeni hem söwda babatda ösmegine itergi beripdir. Halkymyzyň döredijilik kuwwaty bolan milli miras, medeniýet hem sungat asyrlaryň dowamynda ösdi we kämilleşdi. Merdana halkymyzyň ruhy medeniýetiniň köklerini, taryhy ojaklaryň gözbaşyny we olaryň ylmy taýdan ähmiýetini öwrenmekde aýratyn tagallalar edilýär. Ýurdumyzda milli medeniýetiň iň oňat däplerini ösdürmek hem-de dowam etdirmek meselelerine uly ähmiýet berilýär. Munuň özi bolsa dünýä medeniýetiniň, umumadamzat mirasynyň ösüşiniň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Döwletimiz tarapyndan döredilýän şeýle oňyn şertler milli gymmatlyklarymyzyň, milli medeniýetiň, döredijilik däplerimiziň, dünýä halklary bilen medeni hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze ösüşine, milletiň taryhy-medeni mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz edilmegine şert döredýär.

Aýjeren ILLIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok