UMUMADAMZAT ÄHMIÝETLI SUNGAT

Ruhuňy göteriji üstünliklere, rowaçlyklara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha beýgelýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym, medeniýet baradaky guramasy bolan ÝUNESKO bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde milli gymmatlyklarymyzy guramanyň görnükli sanawyna goşmak işleri hem mynasyp kemal tapýar. Şeýle işleriň hatarynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» bu abraýly sanawa goşulmagy bellenmäge mynasypdyr. Has takygy, 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisi geçirilip, onda ýurdumyz tarapyndan hödürlenilen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnama seredildi we biragyzdan goldanylmagy esasynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» sanawyň görnükli nusgalarynyň hataryna goşuldy. Munuň özi halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda paýhas goýup döreden gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki gymmatlyk hökmünde ykrar edilýändigini tassyklaýar. Türkmen dutary şol gymmatlyklaryň naýbaşy nusgalarynyň biridir. Ol parahatçylygy sazyň dili bilen beýan edýän gymmatlykdyr. Dutar saz guralynda ýerine ýetirilýän çuň mazmunly aýdymdyr sazlar parahatçylygy, ruhubelentligi, ynsanperwerligi, halallygy ündemekde ähmiýeti uly bolup, dutar halkymyzyň durmuşynda ebedi orun alan mukaddes senetdir. Dutar sazlary türkmeniň kalbynyň joşgunly owazydyr. Dutar milli saz guralyny ýasamak tejribesi we onda saz çalmak we bagşylar tarapyndan aýdym aýtmak sungaty asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen sungat. Dutaryň mukamy türkmeniň ýürek owazy bolup, parahatçylygy şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen milli aýdym-saz sungaty barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Ile döwlet geler bolsa…»  atly kitabynda dutar saz guralynyň ähmiýeti babatda giňişleýin söhbet açylýar. Belent heňde ýaňlanyp, toý-baýramlarymyza aýratyn bezeg berýän, ynsanlara joşgun paýlaýan gadymy hem baý aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, onuň geljekki nesillere ýetirilmegini üpjün etmäge we ählitaraplaýyn öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir!

Ramazan NURÝAGDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok