Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli-medeni mirasyny, edebiýatyny öwrenmek babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Şeýle-de halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Magtymguly Pyragy dünýäniň akyldarydyr. Söz äleminiň ussady öz döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň milliligini we türkmen diliniň baý dilligini umumadamzat medeniýetine ilkinjileriň biri bolup subut etdi.
Gündogar şygryýetiniň göwher täji Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenen halatyňda onuň gymmatly tarapy ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş türkmeniň at-owazasyny belende göterendigi bilen häsiýetlendirilýär. Beýik dananyň döredijiliginiň halkylygy, oňa her bir adamyň düşünmegi we kalbynyň töründe ýer almagy, onuň egsilmez milliliginiň miwesidir.
Beýik akyldar şahyrçylyk bilen meşgullanmak bilen birlikde, ylmyň dürli ugry boýunça hem meşgullanypdyr. Ol özüniň ýaşan döwründe birnäçe ýurtlara syýahat edip, ol ýerlerde ýaşaýan halklaryň durmuş, ýaşaýyş derejelerini öwrenip, jemgyýetiň ösüşiniň kanunalaýyklaryny öwrenipdir. Şeýle-de Magtymguly Pyragy özünden öňki dürli döwürlerde ýaşap geçen danalaryň, akyldarlaryň we söz ussatlarynyň işlerini hemmetaraplaýyn öwrenmek netijesinde, olara çuňňur hormat goýupdyr. Olary özüniň halypalary hökmünde kabul edipdir. Beýik dananyň öz halypalaryna hormat goýmak bilen dünýä ylmynyň we ruhy medeniýetiniň ägirtleriniň nusgawy pikirlerini öwrenip, türkmen halkynyň durmuşyna ornaşdyran beýik ägirtdir. Şahyryň şygryýet dünýäsine nazar aýlasaň, onuň dana pikirlerini, öňdengörüjiligine baha bermek üçin çäksiz wagtyň gerekdigine göz ýetirýärsiň.
Gunça GARÝAGDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler