Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, edebi mirasynyň müň öwüşginlidigi, üsti açylmadyk syrly setirlere baýdygy, many taýdan bimöçber giňdigi islendik adamynyň ünsüni özüne çekýär. Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde halk rowaýatlaryndan ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Olary şygryýetiniň müň dürli öwüşginine garyp, Gündogaryň edebi hazynasyny baýlaşdyrypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň gurujylyk, döredijilik babatda gudratly güýje öwrülen zamanasydyr. Mundan 30 ýyl ozal dörän Garaşsyz döwletimiz bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň bütewi bir maksada gulluk edip, asudalygyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkarar bolmagy, halklaryň, döwletleriň arasynda özara dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň berkemegi ugrunda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň jemgyýetçilik-syýasy meselelere bagyşlanan goşgulary bilen bir hatarda, adamkärçilik, ahlak gymmatlygy, dünýä baradaky pikirlenmeleri özünde jemleýän şygyrlary hem örän meşhurdyr. Şular ýaly dürli temalarda döreden goşgularynyň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýän baş pikir bolsa watançylykdyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, beýik dananyň hormatyna ak şäherimiz Aşgabadyň günortasyndaky gözel künjekde owadan heýkeli bina edildi. Ýakyn geljekde onuň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen, paýtagtymyzyň gözellik mazmunyna ýene-de bir täze aýdym goşular. Ol ildeşlerimiziň hem, paýtagtymyzyň myhmanlarynyň hem gelip görmäge höwes edýän ajaýyp künjegine öwrüler.
Ýurdumyzda ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan hormatly Prezidentimize uzak ömri, jan saglygyny arzuw edýäris!
Baýram GUTLYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler