Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, dana pederlerimizden bize miras galan milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, belentde sarpalap, geljekki nesillere ýetirmek döwrüň derwaýyslygy. Nusgalyk gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen dünýä meşhur gymmatlyklarymyz halkymyzyň genji-hazynasydyr. Geçen asyrlarda diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşen Gadymy Merw, Köneürgenç, Dehistan, Merw, Sarahs, Amul, Nusaý galalary ýaly ýerleriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen has-da şöhratlanandygyna taryh şaýatdyr. Bu ýerde türkmen zergärleriniň ýasan milli şaý-sepleriniň ýalkym saçyp duran owadanlygy, türkmen halylarynyň nepisligi, ýyndam ahalteke bedewleri we beýleki gymmatlyklary dünýä ýüzünde şöhratlanyp, türkmen topragyna gelen her bir syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekipdir. Munuň özi gadymy döwürlerde hem medeniýet hem sungatyň ýokary derejä ýetendigini has aýdyň görkezýär. Halkymyzyň sünnäläp kemala getiren milli gymmatlyklarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilmegi bolsa bu ebedi mirasa bolan belent sarpadan nyşandyr. Asyrlardan aşyp miras bolup gelýän şol mukaddes ýörelgeler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmen medeniýeti», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» ýaly ajaýyp kitaplarynda halkymyzyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan gymmatlyklarynyň naýbaşy görnüşleri, milli mirasymyz giňişleýin beýan edilýär. Döwletimizde mähriban halkymyzyň ýer ýüzüne türkmen adyny dünýä ýaýmakda esasy orun eýeleýän milli mirasymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi kämilleşdirmeklige, pederlerimizden gelýän milli däp-dessurlarymyzy dikeltmekde ägirt uly işler alnyp barylýar.
Milli gymmatlyklarymyzyň çeperçilik kämilliginiň gönezliginde bolsa gadymy nusgawy mirasymyza, türkmeniň milliligine kybaplygyň berk saklanandygyny görmek bolýar. Milli mirasymyzy aýawly saklamak, gadymy däp-dessurlarymyzy, milli ýörelgelerimizi dowam etdirmek ugrunda uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Kakamyrat DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler