Bagtyýar zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, eziz Watanymyzyň dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmak bilen, hemişelik Bitaraplyk derejesini we ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary yzygiderli goldanylýar. Sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy dabaralandyrmak babatda öňe sürülýän başlangyçlar ýurdumyzyň ýöredýän oňyn Bitaraplyk taglymatynyň dünýä ýüzünde dabaralanmasydyr.
Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesi halkara derejesinde ykrar edilýär. Ýurdumyz ençeme abraýly halkara guramalar, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümindäki halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmekde asylly işleri ýola goýýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym, medeniýet işleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy hem ýylsaýyn artýar. Halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini goramak we dikeltmek ugrunda ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girizmekdäki işler netijeli alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar. Milli gymmatlyklarymyzyň, taryhy ýadygärliklerimiziň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy, ýagny döwletimiz boýunça Gadymy Merw, Köneürgenç şäheri, Nusaý galalary, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi aýdym we tans dessury», türkmen halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty» bu görnükli sanawa girizildi. Şeýle-de Türkmenistan ýurdumyzyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy gorap saklamak hakynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna goşulmagy hem bu ugurdaky gazanylan nobatdaky üstünlikdir.
Şeýle asylly başlangyçlar bilen mähriban halkyny bagtyýarlyga besleýän, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, dikeltmekde we dünýä çykarmakda, medeniýetimizi, taryhymyzy, sungatymyzy öwrenmekde bimöçber işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli tutumlarynda rowaçlyklar ýar bolsun!
Miwe NURYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler