Medeni miras – döredijiligiň belent nusgasy

Ata Watanymyz asyrlar içinde sünnälenip gaýtalanmajak kämillige öwrülen gymmatlyklaryň mekanydyr. Milli gymmatlyklar halkymyzyň sünnäläp senetden sungat derejesine ýetirilen özboluşly döredijilik zehinidir. Çeper elleriň hünäri bilen döredilen irginsiz zähmetiniň netijesi bolan gymmatlyklar halkymyzyň ukyp başarnygynyň aýratynlygydyr. nesil terbiýesinde halkyň ruhy hazynasy örän ähmiýetlidir. Taryhda görnükli yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiz milletiň jebisligi, bitewüligi, agzybirligi, mertlik hem batyrlyk, döwletlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri, gymmatly pikirleri miras goýdy. Täze taryhy eýýamyň bagtyýarlyga beslenen günlerinde Türkmenistan Watanymyzyň milli mirasy, medeniýet ulgamy  bütindünýä medeniýetiň we sungatyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen milli medeniýeti we sungaty köpöwüşginliligi bilen dünýä bellidir. BMG-niň ýöriteleşen edarasy ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynyň hatarynda biziň halkymyzyň milli mirasynyň naýbaşylarynyň bolmagy diýseň buýsançly ýagdaýdyr, halkymyz hem ýurdumyz üçin abraý-mertebedir. Millilik halkymyzyň döredijilik zehini bilen kemala getirilen özboluşly sungatydyr. Nepisligi bilen ady dünýä dolan türkmen halysy asyrlaryň dowamynda timarlanyp gelipdir. Türkmen halysy türkmeniň ýüzüniň tuwagydyr. Wepadar türkmen alabaýy, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri  halkymyzyň milli baýlygydyr. Milli lybaslarymyz, milli şaý-sepler ajaýyp mertebe mirasydyr, deňsiz-taýsyz hazynadyr, halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandydyr.

Tans etmegiň we aýdym aýtmagyň dessury bolan küştdepdi sungaty türkmeniň millilik däpleriniň özboluşly şöhlelenmesidir, gaýtalanmajak sungat eseridir. Küştdepdi sungaty uzak asyrlardan bäri dowam edip gelýän toý-baýramlarymyzyň, halkara derejesinde geçirilýän sungat  festiwallarynyň aýratyn bezegidir. Onuň bentlerinde dostluk, ýaşlaryň bagtly geljegi, bagtyýar döwür buýsanç bilen wasp edilýär. Umuman milli medeniýet, medeni miras halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ebedi gymmatlygydyr.

Bekmyrat AŞYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok