Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taryhymyzda dana döredijiligi bilen dünýä edebiýatyna we filosofiýasyna taýsyz goşant goşan nusgawy şahyrlarymyzyň sarpasy belent tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek hakynda gol çeken resminamasy hem muňa şaýatlyk edýär.
2024-nji ýylda beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek hakyndaky karar dünýäniň dürli yklymlarynda ýaşaýan edebiýaty söýüjileriň Magtymgulynyň şygyrlaryna bolan hormatyny, şahyryň tutuş adamzat aňyýetiniň kämilleşmegini nazarlaýan eserlerini öwrenmäge bolan isleg-hyjuwyny barha joşdurdy. Şunuň bilen birlikde, köp müňýyllyk şanly taryhly türkmen halkynyň milli baýlyklaryna bolan söýgüsiniň artmagyna, pähim-paýhasa, sözüň beýik güýjüne sarpa goýýan nesilleriň kemala gelmegine täsir edýär. Munuň özi, beýik şahyryň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgelerini wasp edýän pelsepewi eserleriniň häzirki döwürdäki ähmiýetiniň has-da ýokarlanmagyny şertlendirdi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi, beýik söz ussadynyň heýkelleri Russiýa Federasiýasynda, Türkiýe Respublikasynda, Ukrainada, Özbegistanda oturdyldy. Halkara okyjylar üçin niýetlenilen žurnallarda Magtymguly Pyragynyň döwrüne we döredijilik mirasyna degişli barlaglaryň netijeleri boýunça makalalar, şeýle hem beýik söz ussadynyň şygyrlary daşary ýurt dillerine terjime edilip, halk köpçüligine ýetirildi.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda Gündogaryň şygryýet bossanynyň saýrak bilbili diýlip ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şahyryň eserleriniň çeper okaýyşlaryny geçirmek, beýik akyldaryň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda ylmy maslahatlary, duşuşyklary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly beýleki medeni çäreleri guramak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlarynyň, şahyrlarynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň kerwenbaşysynyň ömür ýoluna we döredijilik mirasyna bagyşlanylan täze ylmy barlaglary geçirmäge badalga berýär.
Oguljeren TAGANDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.
Teswirler