Halyçylyk sungaty barha kämilleşýän, has hem gözelleşýän sungat. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz öz öýlerini bezemekde haly hem-de dürli haly önümlerini peýdalanypdyrlar. Türkmeniň baý döredijiliginde hem türkmen halysy hakda gymmatly düşünjeler bar. Ene-mamalarymyz gyz maşgalasynyň geljekde ökde halyçy bolup ýetişmegini arzuwlap, halynyň dokalyş aýratynlyklaryny eýýäm çagalykdan başlap öwredipdirler. Häzirki wagtda çeper elli zenanlarymyz gelin-gyzlary nepis hem ajaýyp halylary, döwrebap haly önümlerini dokaýarlar. Halkymyzyň döreden we sünnäläp biziň günlerimize ýetiren gadymy we naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halysy diňe bir senetçilik önümi bolman, eýsem, ol nepis sungatdyr. Gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyz türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydyr. 2019-njy ýylda «Türkmen milli halyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizildi. Bu möhüm waka taryhyň gatlaryna ebedi ýazyldy. Türkmen halyçylyk sungatynyň belent sarpasynyň şeýle halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aňyrsynda bolsa, halkymyzyň bu baý milli gymmatlygynyň näderejede ebediliginde, mukaddesliginde habar berýär. Halyçylyk sungaty – inçe hem nepis sungat bolmak bilen, ol ene-mamalarymyzyň toplan baý tejribesini özünde jemleýär. Türkmen halysy halkymyzyň çeperçilik ukybynyň kämil önümidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly gymmatly kitaplarynda hem türkmen halysyna türkmeniň medeni taryhynyň ýazgysy hökmünde uly baha berilýär. Çünki onda türkmen tebigatynyň reňk sazlaşygy, nagyşlaryň çuň manysy çeperçilik bilen aňladylýar. Şeýle ajaýyplyklary özünde jemleýän halyçylyk sungaty halkymyzyň ýokary çeperçilik ukybynyň kämil önümi bolmak bilen, umumadamzat mirasynda mynasyp orny eýeleýär.
Çeper RAHMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler