Türkmenistan Watanymyzyň gadymy hem baý taryhy bolup, ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda hem uly strategik ähmiýete eýe bolupdyr. Kerem-keramatly topragymyz bu ýoluň ugrunda hereket eden kerwenler üçin howpsuz ýagdaýda hereket etmegi üpjün eden ygtybarly geçelge bolup hyzmat edipdir. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň çäginde ençeme taryhy binalar, desgalar emele gelipdir. Heňňamlar aýlanyp, asyrlar geçse-de, türkmeniň şöhratly taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, taryhy ýadygärlikleri biziň günlerimize ýetipdir. Şol milli gymmatlyklarymyzy bütinadamzat mirasyna öwürmekde ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň arasynda alnyp barylýan ysnyşykly hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi bolsa, ÝUNESKO-nyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna Türkmenistan tarapyndan hödürlenýän taryhy hem-de medeni ýadygärliklerimiziň goraglylygyny, gymmatyny has-da artdyrýar. 1994-nji ýylda Türkmenistan döwletimiz ÝUNESKO-nyň «Maddy hem-de tebigy mirasy goramak» baradaky konwensiýasyna goşuldy. Şondan soňra bolsa 1999-njy ýylda «Gadymy Merw», 2005-nji ýylda «Köneürgenç», 2007-nji ýylda «Nusaýyň Parfiýa galalary» ýaly taryhy medeni ýadygärliklerimiz bu abraýly sanawa girizildi. Şeýle hem halkymyzyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» hem-de türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Bu bolsa döwletimiz tarapyndan medeni ugurda alnyp barylýan köpugurly halkara gatnaşyklary ösdürmekde täze ugurlary açmaklyga esas döredýär. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary döredildi. Bu gurama bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy has işjeňleşdirmek maksady bilen Milli toparyň ýerine ýetirmeli wezipeleriniň tassyklanylmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly ynam bildirilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan şeýle giň möçberli özgertmeler türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni ruhy mirasyny öwrenmekde hem-de wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Ogulnur BABAGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ykdysadyýet we dolandyryş taýýarlyk
ugrunyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler