Berkarar döwletimizde milli mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä derejesindäki ornuny ebedileşdirmekde we onuň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň şanyna şan goşýar. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhy durmuşyny, medeniýetini, milli ýörelgelerini hem-de däp-dessurlaryny özünde jemleýän Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalary, «Görogly dessançylyk sungaty», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», türkmen halkynyň milli däplerini öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Nowruz baýramy, türkmen halyçylyk we keşdeçilik sungaty hem-de milli dutary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda orun alandyr. Milli mirasymyz jemgyýetiň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda medeni mirasymyzy öwreniji, ruhy gymmatlyklarymyz baradaky gymmatly maglumatlary toplaýjy hünärmenler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, çetki obalarynda bolup, halkymyzyň baý medeni mirasyna, taryhyna, halk tejribesine, milli sungatyna degişli maglumatlary ýygnap, olary ylmy taýdan öwrenýärler. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary baý mirasymyzyň gymmatly nusgalarydyr. Halk mirasynyň dürdäneleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyz döwürleriň, heňňamlaryň şaýady. Olary synlanyňda türkmen halkynyň mirasynyň düýpsüz umman ýalydygyna göz ýetirmek bolýar. Halkymyzyň baý edebi mirasyna, halk döredijiligine, taryhy ýadygärliklerine degişli gymmatly maglumatlary aýawly saklamak, geljek nesillere ýetirmek her birimiziň watançylyk borjumyzdyr. Şeýle asylly işleri bilen milli mirasymyzy, medeni-taryhy gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmeklige uly üns berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Begmyrat GELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler