Milli sungatymyz umumadamzat mirasynda

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlar bilen birlikde medeni ösüşleri, köpöwüşginli sungaty bilen özgerişlere beslenýär. Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda eziz ýurdumyzda milli aýdym-saz sungatynyň dürli görnüşlerini, halk sazlaryny, dessançylyk sungatyny öwrenmek, ösdürmek we dünýä çykarmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli gymmatlyklarymyzy hemmetaraplaýyn öwrenmek, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek boýunça asylly başlangyçlar Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Türkmen halkynyň döreden taryhy we medeni mirasynyň nusgalarynyň naýbaşylarynyň dünýä medeniýetiniň mirasynda eýeleýän ornuny mundan beýläk-de ebedileşdirmekde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça edarasy bolan ÝUNESKO bilen alnyp barylýan oňyn işler özüniň ajaýyp netijesini berýär. Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýy, halkymyzyň ýüzüniň tuwagy bolan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyny bezeýär. Şol milli gymmatlyklaryň arasynda Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalarynyň, «Görogly dessançylyk sungatynyň», «Küştdepdi aýdym we tans dessurynyň», Türkmen halyçylyk sungatynyň, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň», Türkmen keşdeçilik sungatynyň bolmagy her birimiziň buýsançly başyny göge ýetirýär. Munuň özi geçmişi şöhratly türkmeniň milli mirasynyň, medeniýet hem sungatynyň dünýä derejesinde umumadamzat ähmiýetli gymmatlykdygyny ykrar edýän aýdyň subutnamalardyr.

Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda medeni gymmatlyklarymyza belent derejede sarpa goýulýan döwrümizde bu ugurda dünýä halklary bilen özara tejribe alyşmakda alnyp barylýan birnäçe medeni çäreler, forumlar, medeniýet günleri, halkara festiwallar hoşniýetli medeni gatnaşyklaryň täze üstünliklere eýe bolýandygyny açyp görkezýär. Dünýä ýüzünde ynsanperwerligi, parahatçylygy, dost-doganlygy ündeýän medeniýet hem sungat  adamzadyň ruhy güýjüdir. Bu gün şahandaz halkymyzyň baý medeniýeti, joşgunly aýdymy-sazy asudalygyň, parahatlygyň, abadanlygyň owazy bolup äleme dolýar. Müňýyllyklaryň, taryhyň şöhratly menzillerini, taryhy wakalaryny süňňüne siňdiren medeni mirasymyz başymyzyň täji, köňülleriň şamçyragydyr. Goý, türkmeniň milli medeniýetini, baý mirasyny, gymmatlyklaryny gorap saklamakda asylly başlangyçlary dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!

Parahat NURYJYKOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok