Şan-şöhratly türkmen halkymyzyň pähim-parasadyndan, mährem ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň döredijilikli yhlasyndan kemala gelen nagyşlar, nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip keşdelenen milli lybaslar, gül tahýalary hiç wagt gymmatyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Mährem zenanlar, ezber elli gelin-gyzlar gözelligi döredijilerdir. Olar tebigatyň ajaýyplyklaryny we ähli gowulyklary özleriniň el işlerine, keşdedir nagyşlaryna geçirip, bu milli sungaty kämilleşdirýärler. Uz barmaklaryň ussatlygyndan döreýän el işleriniň ählisi halkymyzyň baýlygydyr. Köz ýaly ýanyp duran keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi owadanlygy bilen görenleri haýran edýär. Milli lybaslarymyza salynýan nagyşlar örän ýiti zehini, ussatlygy talap edýär. Çünki keşdeleri çekmek, gaýma gaýamak «iňňe bilen guýy gazan ýalydyr». Mähir siňdirilip bejerilen milli keşdeli lybaslar toýlarymyzyň bezegi, öýlerimiziň ýaraşygydyr. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda bu inçe sungatyň halkara derejesinde at-abraýa eýe bolmagy, dünýä ýaýylmagy babatynda netijeli işler alnyp barylýar. Muňa Türkmen keşdeçilik sungatynyň BMG-niň ýöriteleşen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna goşulmagy hem aýdyň mysaldyr. Türkmen keşdeçilik sungatynyň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda birnäçe döredijilik bäsleşikleri, festiwallar, forumlar yzygider gurnalýar. Munuň özi, bu nepis sungatyň ýurdumyzyň nurana geljegi bolan ýaş nesilleriň arasynda wagyz edilmegine şert döredip, türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, milliliginiň, medeni mirasynyň tutuş dünýä ýüzünde uly meşhurlyk gazanmagyna ýol açýar.
Milliligimiziň ösdürilmegine uly üns berilýän şeýle bagtyýar döwrümizde çeper elli zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň uz barmagyndan, zehininden kemala gelýän ajaýyp el işleri döwrümiziň gözelligine gözellik goşsun!
Gülnur OTYZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler