Mertligi, gaýduwsyzlygy alamatlandyrýan, türkmen halkynyň «Görogly» şadessany dünýä derejesinde giňden meşhurlyk gazanandyr. Ozal hem mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Namibiýanyň Windhuk şäherinde geçirilen BMG-niň mejlisinde «Görogly» şadessany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna biragyzdan girizildi. Dessançylar Türkmenistanda bu däpleri saklaýjylar bolup durýar. Onuň ýerine ýetirilmegi gürrüň bermegi, aýdym aýtmagy we saz çalmagy özünde jemleýär. Bu dessurlar türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýşa bolan garaýyşlaryny beýan etmek bilen, batyrlyk, dostluk we wepadarlyk ýaly belent häsiýetleri dabaralandyrýar. ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulan bu miras şol bir wagtyň özünde «janly miras» hem diýlip atlandyrylýar. Çünki ol milletiň däp-dessurlaryny, beýan ediş aýratynlyklaryny we özboluşlylyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny özünde jemleýär. Bu bolsa türkmen halkynyň örän baý mirasyny goramak, öwrenmek hem-de halkara derejede wagyz etmek, sungatyň häzirki zaman gazananlaryny açyp görkezmek boýunça ileri tutulýan ugurlarynyň käbiridir. Şeýle işler milli sungatymyzyň kemala gelmeginiň hem-de onuň dürli ugurlarynyň ösüşiniň aýratynlyklaryny äşgär edýär.
Türkmen halkynyň ruhy baýlygyny talabalaýyk gorap saklamak, hem-de baýlaşdyrmak, medeniýetleriň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, şol sanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde öňde goýlan wezipeler Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerinde öz beýanyny tapýar. Bularyň ählisi ynsana, tebigata, mähriban topraga çäksiz söýgä ýugrulandyr hem-de türkmen jemgyýetiniň baý ruhy durmuşynyň subutnamalarydyr.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler