Sungat derejesine ýetirilen senet

Türkmen halkymyzda gelin-gyzlaryň çeper elliligi, nepisligi duýup bilşi iň bir arzylanýan häsiýetleriň biri hasaplanylýar. Ene-mamalarymyz her bir öýde geljekki nesliň, gyz maşgalanyň çeper elliligini gazanmak maksady bilen, eýýäm çagalykdam başlap gyzjagazlara el işleriniň dürli görnüşlerini öwredipdirler. Ezber, uz barmakly gelin-gyzlarymyzyň sünnäläp ýerine ýetiren keşdeleri, ajaýyp nagyşlary sungat derejesine ýetirilen müdimi senetdir. Keşde çekmek, gaýma gaýamak, haly, palas dokamak, ik egirmek, ýüň saýmak, keçe basmak ene-mamalarymyzdan gelin-gyzlara geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasymyzdyr. Milli, medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi bolsa diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. BMG-niň ÝUNESKO guramasynyň bütindünýä sanawyna Türkmen keşdeçilik sungatynyň hem girizilmegi bu inçe sungata goýulýan uly ünsden, belent sarpadan nyşandyr. ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň görnükli sanawynda keşdeçilik sungatynyň orun almagy oňa berilýän ýokary bahadan habar berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlarymyzyň sungat derejesine ýetiren keşdeçilik sungatyny aýap we gorap saklamak, gadymy nusgalaryny geljekki nesillere geçirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkymyz asyrlar boýy bu ajaýyp sungat eserini nesilden-nesle geçirip, yzygiderli kämilleşdirip gelýär, hut şonuň üçin-de milli el işlerimiz bütin dünýä ýüzünde meşhurdyr. Zenanlarymyzyň sungat derejesine ýetiren el işleri dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşan ajaýyp gymmatlykdyr. Ajaýyp nagyşlar bilen bezelen milli lybaslarymyz, ondaky çekilen keşdeler inçeligi, nepisligi bilen göreni özüne maýyl edýär. Keşdelerdäki ajaýyplyk, ondaky reňkleriň sazlaşygy gözel tebigatymyzyň gözelliginden gözbaş alýar. Bu sungat biziň özboluşly milliligimizdir, aýratyn ähmiýete eýe bolan özboluşly terbiýe mekdebidir. Ol millilige ýugrulan türkmen terbiýesiniň ajaýyp özboluşly aýratynlygydyr. Milletiň ruhy dünýäsinde aýratyn orun eýeleýän keşdeçilik senedimiz genji-hazynamyzdyr. Bu bolsa ene-mamalarymyzyň bu sungaty bize ýetirmekdäki yhlasly zähmetiniň, zähmetsöýerliginiň, ygrarlygynyň, milli garaýyşlaryň kämilliginiň, nesil-dowamaty baradaky aladalaryň netijesidir.

Güljemal MÄDEMINOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok