Medeni miras – gymmatly genji-hazynamyzdyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belentde tutulýar. Geçmişi şöhratly türkmen topragymyz gadymy döwürlerden bäri ylmyň, medeniýet-sungatyň, edebiýatyň ösen mekany hökmünde giňden meşhurdyr. Munuň özi, bagtdan paýly, ylym-bilimden serpaýly şu günki ýaş nesillerimiziň kalbynda müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip şu günlere gelip ýeten medeni gymmatlyklarymyza bolan söýgini döretmekde aýratyn ähmiýetlidir. Ata Watanymyz geçmişde şöhratlanan galalaryň mesgeni bolup, bu gadymy ýadygärlikleriň toplumy dünýäniň ähli künjeginden köp sanly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Şol taryhy-medeni ýadygärliklerden Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galalar toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna girizildi. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda taryhy ýadygärliklerimizi dikeltmek, içgin öwrenmek we bu ugruň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyzy mundan beýläk-de öwrenmek hem-de wagyz etmek, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän, türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we medeniýetiniň tapgyrlaryny açyp görkezýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniň hem-de ylmy barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan taryhy hem gymmatly tapyndylar baý, şöhratly taryhymyzdan habar berýär. Şeýle hem ýurdumyzda medeni syýahatçylygy ösdürmegiň geljegi uly bolup, syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de pugtalandyrmak, ony barha ilerletmek meseleleri hem esasy üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda medeni özboluşlylygyň dürli görnüşlerini gorap saklamak we dünýäde giň gerimli medeni gatnaşyklary ösdürmek babatdaky işler hem giň gerime eýe bolýar. Diýarymyzyň täsin taryhy-medeni künjekleri, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň maddy däl medeni mirasy mähriban halkymyzyň ýüzüniň tuwagydyr, abraý-mertebesidir, gymmatly hazynasydyr. Medeni mirasymyzy aýawly saklamak we tutuş dünýä ýüzüne ýaýmak babatda beýik başlangyçlary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ogultäç GURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok