Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyga taýýarlyk işleri dowam edýär.

Golaýda, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Nyzami Genjewi adyndaky edebiýat instituty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirdi. Maslahatyň esasy temasy türkmen şahyrynyň dünýä edebiýatyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy hakynda boldy.

Şeýle maslahatyň ýene biri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirildi. Maslahatyň esasy temasy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada boldy. Maslahata gatnaşyjylaryň-terbiýeçileriň, ýaş ýazyjylaryň we şahyrlaryň Magtymgulynyň köptaraplaýyn eserlerinde möhüm meselelere-watançylyk, doganlyk, haýyr-sahawat meselesine ünsi çekildi. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň edebi mirasynyň ýaş nesilleri terbiýelemekde tükeniksiz çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Ýeri gelende belläp geçsem, 2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi. 

Arslan SAPAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok