Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek tejribesi barha artýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty esasynda milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler alnyp barylýar. Bu babatda Türkmenistan Watanymyz ÝUNESKO guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde taryhy we medeni desgalaryň 1400-den gowragy bolup, olaryň köpüsi arheologik ýadygärliklerdir. Ata mekan Türkmenistan gymmatly taryhy mirasa eýe bolan ýurt hökmünde tutuş dünýä ýüzünde ykrar edildi, ýagny Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy ýadygärliklerimiz ählumumy gymmatlyga eýe bolan desgalar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzda medeni mirasy, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny we şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmäge, olary geljek nesiller üçin saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
Türkmen topragynda bar bolan ýadygärlikler we ýüze çykarylan taryhy tapyndylar ählumumy mirasyň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasaty şöhratly pederlerimiziň medeni mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda we olary wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Şunda halkara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň berkidilmegi möhüm bolup durýar. Taryhy, medeni we tebigy ýadygärliklerimiziň her biri diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygy bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk boýunça oňyn tejribe toplan Türkmenistan Watanymyzda taryhy-medeni ýadygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek boýunça uly ösüşleriň gazanylmagynda netijeli başlangyçlaryň ýola goýlandygy bellärliklidir. Şeýle hem häzirki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny açmak babatdaky işler hem netijeli häsiýete eýe bolýar. Çünki şöhratly ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerine sarpa goýmak, milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän asylly ýörelgeleriniň düýp özenini düzýär. Bu bolsa biziň ählimiziň kalbynda çäksiz buýsanjy has-da artdyrýar!
Kurbangeldi HANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler