XVIII asyrda ýaşap geçen beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebi diliniň we edebiýatynyň ösüşinde täze bir döwür boldy. Onuň poeziýasynda halkyň durmuşynyň beýan edilişi, şol döwrüň wajyp meseleleriniň teswirlenişi, gumanistik, ynsanperwerlik ideýalarynyň, ynsanyň gowy gylykhäsiýetleriniň wasp edilip, erbet, bet işleriň ýazgarylyp, tankyt edilmegi şahyryň ýokary derejeli çeper eserleriniň özüne çekijilik güýji bolup durýar.
Magtymgulynyň döredijiligi diňe bir ondan öňki türkmen edebiýatynyň dälde, eýsem oňa golaý bolan Gündogar edebiýatlarynyň gazanan netijelerini, kämilligini hemde baý tejribesini özünde jemleýär. Şahyr öz döredijiliginde öňki däplerden täze belentliklere, täze formalaryň, täze ideýalaryň we keşpleriň gözleglerine tarap aýgytly ädimleri ädipdir.
Türkmen edebiýatynyň hemde Gündogar edebiýatynyň gazanan baý tejribesini özünde jemleýän Magtymgulynyň poeziýasyna, onuň Gündogar edebiýatlary bilen baglanyşygyny öwrenmezden, doly düşünmek mümkin däl. Şeýle pikirler dürli ýyllarda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenen alymlaryň işlerinde köp duş gelýär. Magtymgulynyň döredijiligi bilen çynlakaý gyzyklanan köp alymlaryň işlerinde Magtymguly we Gündogar edebiýaty temasy seredilip geçilipdir. Şol işleriň mazmunyna ser salsak, belli bir derejede şu temanyň şu çaka çenli öwrenilişi aýdyňlaşýar.
Magtymgulynyň ilkinji ýygyndysyny çapa taýýarlan ýazyjy B.Kerbabaýewden başlap, akademik B.Garryýewdir professor M.Kösäýewiň, A.Ahundow Gürgenlidir N.Gullaýewiň, G.Çaryýewdir S.Myradowyň, A.Meredowyň bu babatdaky bitiren hyzmatlary uludyr.
Şahyryň döredijiligi bilen eýýäm XVIII-XIX asyrlarda ýewropaly okyjylaryň habarly bolmagynda A.Wamberiniň, A.Börnsiň, K.Bodeniň hyzmaty uludyr. W.Bartold, Ý.Bertels, A.Krymskiý, A.Samoýlowiç ýaly rus akademikleriniň onuň eserleriniň gymmaty hakda hamana, dilleşen ýaly, öwran-öwran nygtamaklary şahyryň poeziýada pirlige ýetendiginiň ykrary bolsa gerek.
Laçyn SABIROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler