Türkmen milli saz guraly ÝUNESKO-nyň sanawynda

Dutar türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup, türkmen aýdym-sazynyň we bagşyçylyk sungatynyň esasy bolup durýar. Ýurdumyzda dutar sazy dürli baýramçylyklarda, dabaralarda, jemgyýetçilik ýygnanyşmalarynda we çärelerde uly lezzet bilen diňlenilýär. Bu günki günde türkmen dutarynyň şirin owazlary Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar.

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeni mirasymyzy aýawly saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

 Milli mirasymyzy aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem-de giňden wagyz etmek üçin uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň Birleşen Milletler guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegine itergi berýär. Munuň şeýledigini «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

ÝUNESKO-nyň resmi saýtynda şeýle diýilýär:

Dutar türkmen saz sungatynyň esasy guraly we aýdym-saz sungatydyr. Dutar uzyn saply, tut agajyndan ýasalýan kädiden durýan, barmakda çirtilip kakylyp çalynýan 2 sany kirişli saz guralydyr. Dutaryň kädisi we gapagy tut agajyndan, onuň sapy bolsa erik agajynyň şahasyndan ýasalýar.

Dutaryň göwresini ýasamak üçin agaç tegeleklenip, içi boşadylýar we tekizlenýär. Dutaryň göwresiniň çyglylygyny aýyrmak üçin ol 24 sagatlap tamdyrda guradylýar. Soňra ol sapa ýelmenilýär. Ahyrynda guralyň göwresi, sapy we kirişleri birigip saz berýär.

Jennet BEKMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok