Söz ussady, nusgawy şahyr, akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Magtymgulynyň döredijiligi indi birnäçe asyrdan bäri sungatyň, şeýle hem Gündogaryň filosofiki pikirleriniň ösüşlerine nusgadyr. Şahyryň döredijiligi örän köptaraplaýyn bolup, ol dünýäniň gurluşyny, adamzat durmuşynyň gymmatlyklaryny, adam bilen tebigatyň sazlaşygyny çuňňur beýan edýär. Şahyryň goşgy setirleri halk arasynda nakyllara, atalar sözüne, halk aýdymlaryna öwrüldi.
Magtymguly hakdan içen şahyr. Onuň döredijiligini öwrenijiler şahyryň goşgularynyň adaty bolmadyk mukamlylygyny, olaryň içki heňini we bitewiligini belleýärler. Şahyryň bir goşgusynda: «Magtymguly, sözlerim, saza goşsaň, uz bolar» diýşi ýaly, onuň aýdyma öwrülen ganatly setirleri, henize bu güne çenli aşa özüne çekijiligi, dil baýlygy we şahyrçylyk ussatlygynyň ajaýyp nusgalaryna eýedigi bilen diňleýjileri heýjana getirip gelýär.
Söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda mertlik, watançylyk, kalby päklik, tebigata söýgi, rehimdarlyk, ula-kiçä hormat goýmak, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly pikirler öňe sürülýär. Onuň adamzat kalbynda söýgi, mähir, ýaşaýşa bolan ynam döredip bilýän ajaýyp eserleri düýnki, şu günki we geljekki nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebidir. Türkmeniň kalbynyň owazyny ene dilinde ýugrup, öz halkyna beren, türkmeni bir döwletlilige ilkinji bolup çagyran beýik Pyragydyr.
Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, «Adatça, beýik şahsyýetler öz halkynyň ykbalyny öňünden görýär. Halky bilen bagry badaşan akyldarlar il-ýurdunyň täleýini ýüzlerçe ýyl öňünden ýorup bilmäge ukyply bolýar Magtymguly Pyragynyň türkmen ilini birleşmäge, bitewi döwlet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrýan ündewleri bu gün aýratyn ähmiýetli, örän gymmatly çagyryş bolup ýaňlanýar.»
Akpamyk AGANÝAZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk
fakultetiniň talyby.
Teswirler