Gadymdan oturymly Aşgabat obasy

Aşgabat şäheri gadymdan oturymly Aşgabat obasynyň ýerinde döredi diýsek ýalňyşmarys. 1881-nji ýyllarda Aşgabat çeşmesiniň ugrunda 800 çemesi ak öýden ybarat kiçiräk oba ýerleşýärdi. Şol ýylyň 6-nji maýynda Zakaspi harby bölüminiň üstüne Ahal sebitini goşup 1982-nji ýylda Zakaspi oblasty döredilýär. Täze oblasty dolandyrmak işi Aşgabatdaky harby bölümiň üstüne ýüklenipdir we merkez hökmünde Aşgabat bellenipdir.

Aşgabat ilki ilkiler harbylaryň obasy diýip hem atlandyrypdyrlar. Obanyň bir tarapy giň meýdana baryp diräpdir. Şol ýerde her gün diýen ýaly harby garawullar nyzama durupdyrlar, harby okuwlar geçirilipdir. Köçeler göni we giňden gurlup başlanypdyr. Köçelere şol döwürde esasan harbylaryň atlaryny dakypdyrlar. Mysal üçin, Annenkowskaýa (häzirki S.Türkmenbaşy şaýoly), Lewaşewskaýa (häzirki Azady adyndaky köçe) şeýle hem Ofiserskaýa we ş.m.

1882-nji ýylda bary ýogy 2000 adamdan ybarat Aşgabat obasynda 1903-nji ýylda eýýäm 36 müň ilat hasaba alnypdyr. 1911-nji ýylda obanyň ilaty 45 müňden geçipdir. XIX asyryň ahyrynda Aşgabatda söwda ulgamy has hem ösüpdir. Rus we Teke bazarlary döräpdir, olaryň üstünden ýükli kerwenler, arabalar, paýtunlar gatnapdyr. Aşgabadyň çalt ösmegine onuň Eýran bilen söwdany ýola goýmagy hem sebäp bolupdyr. Russiýa Merkezi Aziýa we Eýran bilen söwda dolanyşygyny Aşgabadyň üsti bilen amala aşyrypdyr.

1900-njy ýyllarda Aşgabatda 750 sany öý, 654 söwda nokady, 121 sany dükan, 33 sany kerwensaraý, 2 myhmanhana, 15 sany naharhana, 105 sany meýhana bolandygy aýdylýar.

 Şol gadymy Aşgabat obasy bu günki günde Ginnesiň Rekordlar kitabyna giren nusgalyk gözel şähere öwrüldi. Ak paýtagtymyz Aşgabatda biri-birinden kaşaň binalar, ajaýyp şaýollary göreniňde göwnüňi galkyndyrýar.

Roza KLYÇBAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok