“Sungat” älemi adamzadyň kalbyna şatlyk çaýýan, ynsan ruhuna ruh goşup, adamzadyň aň-düşünjesini, arzuwlaryny jadylaýjy ajaýyp dünýäsine gaplap alýan, ýagşy niýetlere atarýan äpet täsirli güýçdir. Şol “hadysa” ýaly güýjüň biri hem şekillendiriş sungatydyr. Umumy şekillendiriş sungatynyň taryhynda ýüze çykan ugurlary belli bir wezipe boýunça işleýändir. Döwletiň içerki-daşarky syýasatyny monumentalistikada “Garaşsyzlyk binasy” hem-de “Bitaraplyk binasy” ady bilen tanalýan ýadygärlik toplumlary aýan edip görkezýärler. Türkmenistanyň taryhy “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy bilen bir hatarda açylan muzeý özünde jemleýär.
Häzirkizaman şekillendiriş sungatynda öňde goýulýan wezipeleriň gerimi giňeýär. Halkyň “ruhy galkynşy” şekillendiriş sungatynda has-da aýan bolup şöhlelenýär. Türkmenistanyň gadymy taryhy sahypalaryndan başlap tä “Halkyň Arkadagly zamanasynyň” bagtyýarlygyny wasp edýän eserleri girýär. Olar milli pelsepeçiliginiň ugry boýunça özgerýär. Türkmeniň gadymy rowaýatlary, şöhratly taryhy, beýik şahsyýetleriň edermenligi wasp edilýär, milli däp-dessurlaryň sahnalary görkezilýär. Taryhy eserleriň taslamasynda türkmen soltanlaryň, hanlaryň, halk gahrymanlaryň watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, olaryň akyl-paýhasy wasp edilýär, ýagny türkmen taryhynyň wajyp, şöhratly sahypalary şöhlelenýär. Şekillendiriş sungatynyň kömegi bilen türkmen halkynyň milli gymmatlyklary şöhratlandyrylyp, dünýä ýaýbaňlandyrylýar.
Esasy bellemeli zatlaryň biri hem hakykatyň janly keşbiniň düzüminde gadymy çeperçilik däplerini gaýtadan işläp öz döredijiliginde synamakdyr. Bu ugurda halypa suratkeşler we täze nesil suratkeşler önjeýli işleýärler we dürli-dürli žanrlarda eserleri döredip tomoşaça ýetirilýär. Bu ýerde şäher gurluşynyň düzümine girýän monumentalistika hem bellenýär. Türkmen halkynyň ruhy we taryhy gymmatlyklaryna, şekillendiriş sungatyna, milli senetkärliginiň ösüp-özgermegine uly ýardam berilýär. Mysal edip, Birleşen Milletler Guramasynyň ylym-bilim we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO bilen alynyp barylýan işler medeni gymmatlyklaryň dünýä derejesinde aýratyn ähmiýet bermekligi bilen bellenýär. Şol sanda ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň medeni mirasynyň sanawuna girizilendigi, başymyzy göge ýetirdi. Bu sungatyň çeper beýanyny “Medeniýet” toplumynyň suw çuwdüriminde görýäris.
Türkmenistanda aprel aýnyň içinde uly dabara bilen geçirilýän “Türkmen bedewiniň güni” milli gymmatlyklaryň naýbaşysyny, ýagny tebigatdan ýüze çykan sungaty dünýewi derejede şöhratlandyrýar. Watanymyzyň ähli künjeklerinde dürli häsiýetde bäsleşikli çäreler ýaýbaňlandyrylýar, şol sanda bu gözel jandaryň çeper keşbi wasp edilip döredilýär. Onuň nusgawy ajaýyp keşbini ak mermerli Aşgabadyň merkezi meýdançasyndan başlap “On at”, “Atly ýigit”, “Atly gyz” atly eserler bilen birlikde şäheriň beýleki künjeklerinde ýerleşýän “Ganatly atlar”, “Ýanardag”, “Oguzhan ogullary bilen” suw çüwdüriminde ýa-da “Arkadag” ýaly monumental ýadygärliklerinde synlaýarys. Ady agzalan eserleriň şäheri bezemek ýany bilen bir hatarda olary synlaýan tomoşaça ýetirýän täsiriniň ähmiýeti örän ulydyr, sebäbi bu eserler Watana bolan söýgüni, guwanjy döredip terbiýelemäge niýetlenýär. Türkmen şekillendiriş sungaty dürli ugurlary boýunça çylşyrymly uzak ösüş ýoluny başyndan geçirdi. Häzirkizaman kämil sungatynyň emele gelmeginde bolsa ençeme ussatlar öz goşandyny goşdylar. Şekillendiriş sungatynyň wajyp ugurlarynyň biri hem heýkeltaraşlyk sungaty ösüş ýolunda ençeme tapgyrlary bilen sungatyň taryhyny baýlaşdyrdy. Indi bolsa, bu sungat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspçysy bolup, täze-täze ynsan paýhasyna ýugrulan belent owazly eserleri döretmegiň ugrynda yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Eziz Diýarymyzda geçirilýän sergidir-maslahatlar bilen, 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylmagy bilen bellenip, parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen ýetilen bagtyýar durmuşyň geljekde hem dowamatly boljagyna we geljekki özgerişe ynamy artdyrýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmakda alynyp barylýan döwlet işleriň höwri köp bolsun hem-de il-ýurt bähbitli alnyp barylýan işleri dowamly bolsun.
.
Ýazgül Ýusupowa,
TDÇA-nyň “Amaly-haşam sungaty”
fakultetiniň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary”
kafedrasynyň uly mugallymy.
Teswirler