Giňdir dünýä – geňdir dünýä

  • Rolls-Roýs awtomobilini ýygnamak üçin alty aý gerek bolsa, Toýotany ýygnamaga 13 sagat sarp edilýär.
  • Andorra — dünýäde poçtasy mugt bolan ýeke-täk ýurtdur.
  • Barly iňlisler garyp iňlislere garanyňda köp ýoly welosipedde geçýärler.
  • Adam asgyranda, gözüni açyk saklap bilmeýär.
  • Adamzadyň DNK-synda 80 müňe golaý gen bardyr.
  • Ynsanyň gözi 10 000 000 sany  dürli reňki saýgarmaga, ýagny tapawutlandyrmaga ukyplydyr.
  • Uly ýaşly adamyň endamyndaky nerw damarlarynyň umumy uzynlygy 75 kilometre golaýdyr.
  • Adam uçarda uçýan mahalynda onuň saçynyň ösüş tizligi göni iki esse artýar.
  • Altyn, aslynda, ýumşak metaldyr, onuň sap özi, goşundysyz bolanda ony eliň bilen hem eplemek mümkindir.
  • Eger biziň galaktikamyzdaky ýyldyzlaryň her sekuntda birini sanasaň, onda ähli ýyldyzlary sanap çykmak üçin 3 müň ýyl gerek bolar.
  • Ömrüniň dowamynda adamyň derisi, takmynan, 1000 gezek çalyşýar.
  • Wiaduk Miýo dünýäde iň uzyn köpri hasap edilýär. Onuň ady üstün den geçýän şäherçesiniň hormatyna dakylyp, ol Parižden Barselona barýan ýoly gysgaldýar. Fransuz paýtagtyny Ortaýer deňzi bilen birleşdirýän köpriniň uzynlygy 2,5 kilometrdir.

Maglumatlaryp toplan:
Tuwakly GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok