Türkmende “Akgoýun toýy” däbi

«Akgoýun» toýy bilen bagly milli däbimiziň asyrlardan gaýdýandygyna beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Düşen günlerim» şygryndaky:

Kyrkymda goýulyp, käsäm dolmuşam,
Ellimde elime tesbyh almyşam,
Altmyşymda pire mürit bolmuşam,
Pygamber ýaşyna ýeten günlerim — diýen dürdäne setirleri-de şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda halk tarapyndan geçirilýän bu toý — «Pygamber ýaş» toýy, «Akgoýun» toýy diýlip atlandyrylýar. Bu toýuň geçirilmeginiň asyl manysy ynsan 63 ýaşa ýetensoň, ýaşululyga ýetişip, il arasynda sylanýan, hormatlanylýan adam hasap edilýänligidir.

Bu ýaşa ýetenler toý tutanlarynda, esasan, «akgoýun» diýlip at alşyna görä, ak goýun soýlupdyr. Toýda dürli tagamlar bişirilipdir.

Bu toýda dograma, palaw, çekdirme, ýarma ýaly tagamlary bişirmek, esasan, Ahal welaýatyna mahsus bolsa, Balkan sebitlerinde palaw, çekdirme bişirilip, deňiz balyklaryndan peýdalanylyp, süzme palaw, düşeme palaw ýaly dürli görnüşli tagamlar taýýarlanylýar.

Şeýle hem Ahalda çelpek, Balkanda gatlama, pişme, Daşoguzda we Lebapda bogursak bişirilýär.

«Akgoýun» toýunda Ahal welaýatynda tirmeçi, ýanama bagşylary halk aýdymlaryny ýerine ýetirse, Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylary diňlemek däp bolupdyr.

Balkan sebitlerinde «Küştdepdi» aýdymly tans oýnalypdyr. Ýörite gazalçylar bir depim, üç depim görnüşli gazallary uly şowhun bilen ýerine ýetirip, märekäniň ünsüni özüne çekipdirler. Köplenç halatlarda Hoja Ahmet Ýasawynyň, Gaýybynyň, Süleýman Bakyrganynyň gazallary aýdylyp, gazaly köplenç gazalçy gelinler çekýärler.

Toý üçin öýler bezelýär. Urba ýaýylyp, dürli köýmetler (pişme, possuk, çelpek, gatlama) bişirilýär. Häzirki döwürde dürli süýjülikler taýýarlanylýar.

Bu toýy tutýan zenan maşgala bolsa, oňa şeýle gazal çekilýär:

Käbäm altmyş üç ýaşynda,
Otursyn ojak başynda.
Hak Alladan dilegim:
«Hemme otursyn daşynda!».

Eger bu toý erkek kişä degişli bolsa, onda:
—Kyblam altmyş üç ýaşady,
Gorawergin, ýa Alla! — diýen ýaly ýagşy dilegler bilen gutlanylýar.

«Akgoýun» toýy bellenilýän zenanyň başyna ak gyňaç atylyp, eger ol erkek kişi bolsa, onda don, ak telpek geýdirilip, olara dürli sowgatlar gowşurylýar.

Aýjahan DOSMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok