Raýatsyzlyk barada geçirilen sebitleýin düzme bäsleşiginde türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdi

Mekdep okuwçylary we talyplar «1961-nji ýylyň Raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň ähmiýeti» atly raýatsyzlyk mowzugy boýunça ikinji sebit bäsleşiginiň geçirilýändigini öň size habar beripdik. Ynha, şol bäleşigiň jemleri jemlendi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň (UNHCR) müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň (Gazagystan Respublikasy, Almaty şäheri), Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň we Merkezi Aziýada raýatsyzlyk boýunça ulgamynyň gurnamagynda Merkezi Aziýa döwletleri bolan Türkmenistanyň, Gazagystanyň Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň Respublikasynyň we Özbegistanyň Respublikasynyň umumy orta bilim berýän orta mekdepleriniň 7-11-nji synp okuwçylarynyň we akkreditirlenen ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplarynyň arasynda raýatsyzlyk mowzugy boýunça ikinji sebit bäsleşigi geçirildi. Mekdep okuwçylary we talyplar sebit bäsleşigine «1961-nji ýylyň Raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň ähmiýeti» atly raýatsyzlyk mowzugy boýunça düzmelerini we ylmy işlerini hödürlediler.

2021-nji ýylda 1961-nji ýylyň “Raýatsyzlygy azaltmak baradaky” Konwensiýasynyň kabul edilmegine 60 ýyl dolýar. Bu senäni dabaraly bellemek maksady bilen, BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi halkara gatnaşyklary, halkara hukuk we adam hukuklary bilen gyzyklanýan ýaşlar bu Konwensiýanyň ähmiýeti we onuň häzirki döwürde wajyplygy baradaky öz esseleri, ylmy-barlag işleri bilen gatnaşdylar we  türkmenistanly ýaşlar ýokary netijeleri görkezdiler.

Iki kategoriýada geçirildi:

1. Okuwçylar «1961-nji ýylyň Raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasy nädip ýüze çykdy we ol raýatsyzlyk meselesini çözmäge nähili kömek edýär?»,

2. Talyplar raýatlyk we raýatsyzlyk, onuň sebäpleri we netijeleri, şeýle hem raýatsyzlygy gowşatmak we azaltmak üçin innowasion çözgütler, raýatlygy bolmadyk adamlary goramak temalary bilen baglanyşykly ylmy işlerini hödürlediler.

BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy ýok etmek baradaky #Ibelong Global kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde, ofis raýatlyk meselesini çözmek we täze ýagdaýlaryň öňüni almak ugrunda Türkmenistanyň Hökümeti we beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen ýakyndan işleýär.

Raýatsyzlyk dünýädäki millionlarça adama täsir edýär we olara adamlaryň aglaba böleginiň arkaýyn ulanýan esasy hukuklaryny we resmi ykrar etmelerini ulanmaga ýol bermeýär. Bar bolan maglumata görä, dünýäniň 76 sany ýurdunda 4,2 milliona golaý raýatsyz adam bar, emma BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirligi raýatsyzlyk bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň hakyky sanynyň has köpdügini çaklaýar. Döwletlerden ybarat bolan dünýäde raýatsyz bolmak adaty däl ýagdaý. Raýatsyzlyk, adatça, adamy köp esasy hukuklaryndan mahrum edýär we onuň jemgyýete gatnaşygyny çäklendirýär. Onuň netijeleri agyr bolup bilýär: raýatsyzlyk adamyň bilim almaga, saglygy goraýşa, resmi iş bilen üpjünçilige, eýeçilige, erkin ýagdaýda hereket etmäge we beýleki hukuklaryna täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň öz çäginde raýatsyzlygy ýok etmekde gazanan öňegidişlikleri we tagallalary dünýä ýurtlarynyň bu adalatsyzlygy düzetmäge bolan güýjüniň bardygynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. 

Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmakda we onuň öňüni almakda uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistan bosgunlar we raýatsyzlygy bolmadyk adamlar babatda BMG-niň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň ofisiniň mandatynyň saýasynda ähli dört sany konwensiýasyny ykrar etdi: 1951-nji ýylyň Bosgunlar baradaky konwensiýasy we onuň 1967-nji ýyldaky protokoly, 1954-nji we 1961-nji ýyllardaky Raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky konwensiýalar. Türkmenistan häzirki wagtda çenli Merkezi Aziýada raýatsyzlygy bolmadyk adamlar baradaky Konwensiýalaryň ikisine goşulan ilkinji we ýeke-täk döwletdir.

Bäsleşigiň jemleri 10-njy dekabr, Adam hukuklarynyň halkara gününde jemlendi we onuň netijeleri Merkezi Aziýa döwletleriniň talyplary kategoriýasy boýunça:

1-nji orun – Nowruz Nurberdiýew, Türkmenistan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara hukugy we halkara gatnaşyklary fakultetiniň Halkara hukugy kafedrasynyň halkara jemagat hukugy hünäriniň 2-nji ýyl talyby – “1961-nji ýylyň raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň täsiri” atly ylmy işi bilen.

2-nji orun – Marsel Nurbolatow, Gyrgyz Respublikasy – “1961-nji ýylyň raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň ähmiýeti we raýatsyzlyk meselesini çözmekdäki orny” atly ylmy işi bilen.

3-nji orun – Şahnoza Iljanowa, Gazagystan Respublikasy – “Raýatsyzlygyň galkynyş eýýamy: hukuk howpsuzlygy, sosial-ykdysady hukuklar, innowasion çözgütler” atly ylmy işi bilen.

Nowruz Nurberdiýew öz ylmy işiniň çäklerinde 1961-nji ýylyň “Raýatsyzlygy azaltmak baradaky” Konwensiýasynyň Merkezi Aziýa döwletlerine täsiri, hususan-da Türkmenistana edýän täsiri we bu ugurda ýurtda raýatsyzlygy azaltmak boýunça ýerine ýetirilen işler we ösüşler dogrusynda, şeýle hem bu ulgamda Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllary  içinde gazanan tejribesi barada iňlis dilinde ylmy barlag işini geçirip beýan etdi we raýatsyzlygy gowşatmak we azaltmak üçin innowasion çözgütleri we teklipleri hödürledi.

Ýeňijileriň atlary BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen:

https://www.unhcr.org/centralasia/14873-competition-for-students-on-statelessness.html

7-11-nji synp okuwçylar nominasiýasy boýunça essay ýazmakda ýeňijiler:

1-nji orun – Timur Arazmedow, Türkmenistan
2-nji orun – Şugyla Salimulda, Gazagystan Respublikasy
3-nji orun – Enara Çaryýewa, Türkmenistan

Essay temasy: 1961-nji ýylyň raýatsyzlygy azaltmak baradaky Konwensiýasynyň ösüşi we raýatsyzlyk meselesini çözmekdäki orny.

Bäsleşigiň baýraklary:

Ylmy iş ýazmak boýunça talyplaryň arasynda:

1-nji orun – raýatsyzlyk boýunça halkara okuw kursy we noutbuk
2-nji orun – planşet
3-nji orun – smartfon

Essay ýazmak boýunça 7-11-nji synp okuwçylaryň arasynda:

1-nji orun – noutbuk
2-nji orun – planşet
3-nji orun – smartfon

Nowruz Nurberdiýew,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
halkara jemagat hukugy hünäriniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok