Kitap – bu içi many – mazmunly sözler, suratlar we maglumatlar bilen baýlaşdyrylan hazynadyr. Ynsan durmuşynda kitap, hiç wagt bahasy egsilmeýän, öz gymmatyny gaçyrmaýan gymmatlyk bolup, geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky arabaglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar.
Şu ýerde kitap hakynda gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris:
Arheologiki tapyndylara görä ilkinji kitaplar iki müň ýyldan gowrak ozal peýda bolup, bu kitaplar agaçdan we mumdan ýasalypdyr.
Dünýädäki iň kiçi kitap, 1996-njy ýylda Anton Çehow tarapyndan döredilen ,,Hameleon’’ kitaby bolup, bu kitap 11 setirden 30 sahypalyk, ululygy 0,9 × 0,9 mm bolan, 3 sany reňkli surat ýerleşdirilen kitapdyr.
Häzirki wagta ýer ýüzünde takmynan 130 milliondan gowrak kitap bolup, bu kitaplaryň özleri däl-de, her dürli eserleriň sanyna degişlidir.
Hemmämize belli bolşy ýaly dünýäde iň meşhur kitap Injildir. Meşhurlyk boýunça ikinji orunda Mao Szedunyň (Hytaýda meşhurlygy sebäpli) sitatalar ýygyndysy, üçünjisi bolsa “Ýüzükleriň hökmürowany” eseridir.
William Şekspiriň kitaplarynda “Söýgi” sözi “Ýigrenç” sözünden takmynan on esse köp duş gelýär.
Çap etmek işi ýola goýlan döwründe tutuş dünýäde takmynan iki milliard kitap neşir edildi.
Müň ýyl mundan ozal ýazylan ilkinji edebi roman Ýaponiýanyň “Gendzi baradaky powesti” hasaplanýar.
Dünýäniň iň öndümli ýazyjysy aýda ortaça iki täze roman neşir eden Barbara Kartland bolupdyr.
Basma harplar bilen ýazylan iň galyň kitap, onuň söýüjisi Rob Metýuse degişli bolup, ol basma harplar bien ýazylan 5000 sahypaly Wikipediadyr.
Gülşirin ÝAÝLYMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler