Bedewler hakynda

* Ahalteke bedewi tutuş Ýer ýüzünde münüş atlarynyň iň gadymylarynyň biri hasaplanylýar. Bu atlaryň aňyrsy iki müň ýyl ozal Çyn-Maçynda (Hytaýda), Ýunanda (Gresiýada), Italiýada tanalýan eken.

*Adamyň ýüregi bir minutda ortaça 70, atyň ýüregi 35, piliň ýüregi 25, kitiň ýüregi 3 gezek urýar.

* At dik duran ýerinde uklap bilýän jandardyr. Atlar uklanda, olaryň dyzlary gulplanan ýaly, epilmezlik ukybyna eýedir. Bu hem olara uzak wagtlap aýak üstünde durmaga, hat-da uklamaga-da mümkinçilik berýär. Geçirilen barlaglar atlaryň aýak üstünde duranlarynda az güýç sarp edýändiklerini we özlerini has rahat duýýandyklaryny anyklady.

* At öz taýçanagyny müňlerçe taýçanagyň içinden saýlap bilýär.

  • Atlar bir aýlap aýak üstünde durup bilýärler.
  • At ýyndam we diýseň owadan jandardyr. Şeýle hem ol akyllydyr. Eýsem-de bolsa, atlar daş-töweregindäki zatlary nähili görýärkäler?

Atlaryň gözleri aýratynlykda hersi başga tarapa seredip bilýär. Bu bolsa olaryň daş-töweregini has giňden görmegine ýardam edýär. Atlar hiç hili emgenmän, öňündäki, yzyndaky we gapdalyndaky zatlary görüp bilýärler. Olaryň gözleriniň hersi 160-170 ölçeg-däki giňişligi görüp bilýärler. Şeýlelikde, olar jemi 320-340 ölçegdäki giňişligi görýär. Şeýle hem atlar geçjek ýerlerindäki päsgelçilikleriň uzaklygyny we bökjek ýerini aňsatlyk bilen «hasap-lap», şoňa görä hereket edýärler.

  • Atlaryň adamlaryň ellerini we eşiklerini dişleridir dodaklary bilen çalaja dişlemekleri olaryň adamlar bilen degişmek we oýnamak isleýändikleriniň alamatydyr.
  • Tizligi iň güýçli bolan at sekuntda 17 metr aralyga çapýar.

* Türkmen atlary iňlis münüş bedewleriniň tohumyny döretmäge çekilipdir. Şol tohumyň düýbüni tutan üç atyň biri 1702-nji ýylda doglan Darleý Aribian diýen ahalteke bedewi eken.

* General Kornilow dor türkmen atyny müner eken. General 1917-nji ýyldaky söweşleriň birinde gabawa düşeninde, türkmen bedewi ony halas edipdir. Generaly ot-ýalnyň içinden aman-sag alyp çykandygyna gözi ýetenden soň, agyr ýaralanan şol at duran ýerinden bir gapdala agyp jan beripdir.

  • 1935-nji ýylyň Aşgabat-Moskwa atly ýörişi üstünlikli tamamlanandan soň, şol ýörişde ýekeje aty hem ýitirmedik ýigitler Moskwada gowudan-gowy bedewleri, şol sanda ap-ak Arap bilen hem hoşlaşdylar, göni on ýyldan soň marşal Žukow şol bedewde ýeňiş paradyny kabul etdi.
  • Häzirki wagtda dünýäde adam eli bilen uýgunlaşdyrylan 250-den gowrak atyň görnüşi bar. Atlaryň ähli görnüşleriniň içinde has gowy jynsy hasaplanýan türkmeniň ahalteke atlarydyr.

Maýa GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok