Häzirki wagtda çaýyň diňe bir tagamy bilen däl, eýsem ýokumly maddalary bilenem tapawutlanýan köp görnüşi bardyr. Köp ýurtlarda bu içginiň dogry taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly tutuş dabaralar geçirilýär.
Gadymy hytaý ylmy çeşmelerinde: «Çaý ruhuňy galkyndyrýar, pikirlenişi gowulandyrýar, ýaltalyga ýol bermeýär, bedeniňi ýeňledýär, päkleýär, aňyňy aýdyňlaşdyrýar» diýlip bellenilýär. Irki wagtlardan bäri mälim bolan bu häsiýetleri üçin çaý häzirki wagtda hem peýdalanylýar. Ol kellagyryny aýyrmakda, güýç-kuwwatyňy dikeltmekde ornuny çalşyp bolmajak derman serişdesi hasaplanylýar. Alymlar çaýyň gany suýgaldyjy, antioksidant häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýarlar. Çaýyň has gymmatly häsiýeti onuň adam bedenini radioaktiw şöhlelenmeden goraýjylyk ukybyna eýeligindedir.
Gadymy döwürlerde çaýy derman hökmünde ulanypdyrlar.
Bir meşhur rowaýata görä, çaý içgisi tötänleýin ýüze çykypdyr. 5 müň ýyl mundan ozal, hytaýly gahryman Şen-nunyň gaýnap duran gazanyna birnäçe çaý ýapraklary gaçypdyr. Onuň netijesinde emele gelen içgi hytaýla ýarapdyr we ol ömrüniň ahyryna çenli bu içgini içipdir.
XIV-XV asyrlarda ýaponlarda çaý bäsleşikleri geçirilip, oňa gatnaşyjylardan çaýyň tagamyndan onuň sortuny we ösdürilip ýetişdirilýän ýerini anyklamak talap edilipdir.
Çaýa endik eden ilkinji ýewropalylardan biri fransuz monarhy Lýudowik XIV boldy. Patyşa hytaýlylaryň bu içgini köp kesele garşy göreşmek üçin ulanýandyklaryny habar berende, ony öz eli bilen barlamak kararyna geldi.
Hytaý dünýäde gara we gök çaýdan başga-da sary we ak reňkde çaý öndürilýän ýeke-täk ýurtdur.
Çaý Hytaýda, Hindistanda we Türkiýede has meşhurdyr.
Amerikalylar çaýy kofeden 25 esse az sarp edýärler.
Hytaýlylar çaýy diňe gyzgyn içýärler, ýaponlar bolsa köplenç sowadyp içýärler.
Bahargül GELDIMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler