Halypa – daragt, şägirt miwesi

(Azat we Annageldi Jumaniýazowlaryň döredijiliginiň mysalynda)

Bilim bermek, öwretmek, öz hünär tejribäňi paýlaşmak türkmen halkynyň arasynda örän irki döwürden gelýän gowy we peýdaly däpleriniň biri bolup durýar. Halypa – birinji iş ýolbaşçysy, bilim, tälim bermek, hemme wagt şägirdine maslahatçy bolýar, saýlap alan hünärini kämilleşdirmek ýolyny görkezýän, öz işiniň ussadydyr. Türkmen jemgyýetinde nesilden nesile geçýän hünärlerinde, mysal üçin, bagşyçylyk, ýer astyndan suw çykartmak üçin guýy gazmak, haly dokamak, ýol we öý gurmak, metal işlerini ýerine ýetirmek, gözel hatlar ýazmak (hatdatçylyk) we başga hünärlerini öwrenmek ýeke bir halypaçylyk ýörelgesine daýanýandyr. Halypanyň elinde tälim alan şägirt, ol eýýäm kämillige gol beren ynsandyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda halyp-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegi boýunça giň şertler döredilýär. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty boýunça, aýratyn hem ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlara öz hünärini kämilleşdirmek we giňeltmek üçin halypanyň maslahaty, onuň bilimi, iş tejribesi örän wajypdyr [1, 8 s.].

Türkmen sungatynda halypa-şägirt ýolunyň dowamlylygyny Azat we Annageldi Jumaniýazowyň döredijiliginde şöhlelendirilýär.  Azat Jumaniýazow 1941-nji ýylyň 10-njy iýunynda Daşoguz welaýatynyň Tagta etrabynda dogulýar [2]. Kiçilikden Azat Jumaniýazow ýetim galyp, durmuşyň kynçylygyny öz başyndan geçirýär. 1950-nji ýyllarda Azat Jumaniýazow Daşoguz şäheriniň ýetimleriň öýüne düşýär. Şol döwürde Daşoguz şäherinde geçirilen ýaş suratkeşleriniň bäsleşigine rus suratkeşi K. Makowskiniň «Tupandan gaçyp barýan çagalar» atly eseriniň illýustrasiýasyndan ýerine ýetiren göçürmesi bilen gatnaşyp, ýeňiji bolýar. Şol bäsleşiginde gazanan üstünliginden soňra ony Aşgabadyň zehinli çagalaryň ýetimler öýüne geçiripdirler. Onda professional türkmen suratkeşleri Nikolaý Çerwýakow we Dmitriý Kiselewskiý A. Jumaniýazowa surat sapagynda bilim berýärler.

1960–1962-nji ýyllarda ol Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde) heýkeltaraş Alekseý Şetininiň ýolbaşçylygynda heýkeltaraşlyk bölüminde okaýar. Ýaş suratkeş Azat Jumaniýazow özüniň reňk bilen surat çekmek bolan höwesini, oý-pikirlerini, islegini diňläp, 1962-nji ýylda uçilişäniň nakgaşçylyk bölüminde okap başlaýar. Realizm çeper ugry ýaş suratkeşleriň okuwynyň dowamynda birinji orun tutýardy. Muňa garamazdan, okuw ýyllarynda Azat Jumaniýazow başga-da çeperçilik akymlary – impessionizm hem-de ekspessionizm bilen gyzyklanýar we olary şöhlelendirýän giň çeper serişdeleriniň täsirlerini peýdalanýar.

Suratkeşiň «Dowamat» (1968) atly diplom eseri çuň manyly pikirleri ýaş suratkeş gozgaýandygyny görkezýär. Diplom işindaki nakgaş çeper ugurynyň täzeligini goldaýan diplom ýolbaşçysy, Gruziýadan gelen suratkeş Tisian Bakuriýa halypaçylyk edipdir. Diplom eseriniň kompozisiýasynyň baş gahrymanlary — ýaşuly adam we kiçijek oglanjygyň keşbinde, olaryň häsiýetinde özüni we atasynyň şekilleri janlanýar. Azat Jumaniýazow öz diplom işinde hakyky durmuşynyň esasy gymmatlygyna, ýagny atalar öz perzendiniň durmuşynda dowamat bolýandygyny görkezýär. Şol ýyllarda suratkeşiň çekýän ýüz keşpleri, suratlandyrylan durmuş pursadynyň hakykylygy naturadan alynýandygyny görmek bolýar. Soňky ýyllaryň döredijiligi suratkeşiň çagalyk döwrüniň obalarynyň adaty häsiýetli durmuşynda bolup geçen, wakalaryny, gören dostlarynyň hereketlerini ýatlap, çeken kompozisiýalaryň ýordumlarynda peýdalanandygyny görmek bolar.       

1968-nji ýylda okuwyny tamamlandan soň, ol Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Ürgenç şäheriniň çeper-önümçilik ussahanasynyň suratkeşi, soňra şol edaranyň direktory bolup işleýär. Welaýatda, respublikada hem-de soýuzda geçirilýän çeperçilik sergilerine gatnaşyp, şol bir wagtda monumental-bezeg işlerini ýerine ýetirýär. Azat Jumaniýazow köp wagtyny Horezm welaýatynda ýaşaýan halk keramika ussalary bilen işleşýär. Okuwy gutarandan soň suratkeş Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Ürgenç şäheriniň çeperçilik ussahanasynyň suratkeşi, soňra bolsa direktory bolup işleýär. Döredijilik eserlerini Aşgabatda hem-de Daşkentde geçirilýän çeperçilik sergilerine gatnaşyp görkezipdir. Şol döwürde ýaş suratkeş grafika, nakgaşçylygyň enkaustika usuly, metal boýunça basyp çykarma (çekanka) işleri we keramika eserleriniň üstünden işleýär.

Azat Jumaniýazowy hemişe grafika hem gyzyklandyrypdyr, ol pero, tuş, inçe çotga, galam bilen surat çekmäge başarýardy. Gündogar miniatýura sungatyna we halkyň çeper mirasyna A. Jumaniýazow aýawly we hormat bilen gatnaşyp, olar onuň çeperçilik düşünjeleriniň giňäp, ösmeginde görnükli nusga bolup, hyzmat etdiler. 1976-njy ýylynda Horezmden Aşgabada göçüp gelýär hem-de Türkmenistanyň çeperçilik fondunda suratkeş hökmünde işini başlaýar. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň monumental-bezeg seksiýasynyň başlygy bolýar. 1980–1981-nji ýyllarynda Sibirde gurulýan BAM — Baýkal-Amur demir ýol magistraly ugrundaky Tynda şäheriniň wokzalyndaky mozaika bezegini ýerine ýetirýär. 1984-nji ýylynda ol bu işi üçin «Zähmet gahrymanlygy üçin» («За трудовую доблесть») döwlet medaly bilen sylaglanýar. 1980-nji ýyllarynda sutratkeş-monumentalçy mozaika we freska bezeg pannolarynyň üstünde işleýär. 1988–l989-njy ýyllarda Türkmenistanyň günbatarynda Çelekeniň medeniýet öýüniň sahnasy we Bekdaş (häzirki Garabogaz) şäherindäki saglygy bejeriş öýi, myhmanasy we medeniýet öýüniň sahnasy üçin diwar bezegleri döredýär.

1996-njy ýylda Aşgabadyň demir ýol hassahanasynyň howlusyndaky suw çüwdüriminiň esasynda «Parahatçylyk» mozaikany we hassahanasynyň täze gurlan binasynyň aýnalarynda witraž bezeglerini döredýär. 1997–2000-nji ýyllarda Türkiýäniň döwlet ilçihanasynyň tabşyrygy boyunça «Bütewilik» (2000) atly nakgaşlyk eserini döredýär.

Azat Jumanyýazow — «Zähmet weterany», 2007-nji ýylynda bäri Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasydyr. Suratkeşiň döreden nakgaşlyk we grafika eserleri Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Agliýanyň, Moskwanyň çeperçilik sergilerine gatnaşdy. Türkmen pagtaçy ussatlaryna bagyşlanan birnäçe grafika eserleri Türkmenistanyň döwlet şekillendiriş muzeýinde, Türkiýäniň, Russiýanyň, Italiýanyň hususy ýygyndylarynda saklanylýar. Halypanyň grafika we nakgaşlyk eserleri filosofiki pikirleri we durmuşa bolan gözýetiminiň giňligi bilen tapawutlanýar [4, 22 s.]. 1990-njy ýyllarynda türkmen nusgawy liriki şahyr Zeliliniň portreti bilen Aşgabatda geçirilen bäşleşigine gatnaşýar. Azat Jumaniýazow Zelilä bagyşlanan «Şahyr» (1990-njy ýyllar) atly liriki häsiýetli nakgaşlyk we grafika eserleri bar. Şol ýyllarda döredijijik ussahanasynda nädogry geçirilen gaz enjamlary dörän ýangynyň netijesinde köpsanly tematik we portret eserleri ýok bolýar. Şol wakadan soň ýeke grafika bilen meşgullanmagy saýlan suratkeş kiçi göwrümli portret, gündelik durmuş we taryhy temalaryna ýüzlenmegi dowam edýär. Galam bilen surat çekmek suratkeşiň gowy görýän usuly bolýar. Şeýlelikde, galam çyzykly surat suratkeşiň özbaşdak aýratyn esasy serişdesi bolup hyzmat edýär. Çeperçilik sergilerine işjeň gatnaşan Azat akwarel boýagynyň baý reňk mümkinçiligini özleşdirýär, suratkeş ussatlyk bilen özüniň surat çekmek ukybyny şol usulda görkezýär. Onuň çeken suratlary çeperçilik pikirini ýüze çykarýar we eser many taýdan gutarnykly häsiýete eýe bolýar. Suratkeşiň aýtmagyna görä, surat ýeke bir görnüşiniň daşky çyzygyny görkezmän, ol eserdäki ideýa mazmunyny hem şöhlelendirýär. Ýitiden güýçli we täsirli reňk sazlaşygy, açyk, göze ilýän reňkler bilen işlemeginiň tarapdary bolan Azat Jumaniýazow grafikaçy suratkeşleriniň eserlerinde çyzyk, ştrih we sudur reňkiň öwüşginini ýok etmeli däldigini her işinde nygtaýar. Tempera boýaglar bilen işlenen eserlerinde örän çäkli, sada reňk bermegi, täsirli suratynyň duýgylary kompozisiýanyň sazlaşygyny baýlaşdyrýarlar.

Watansöýüjilik we gahrymançylyk häsiýetli eserleriniň many-mazmunyny aýdyň, takyk açyp görkezmek üçin suratkeş özboluşly türkmen tebigatyny ýa-da bolmasa nyşan hökmünde belli taryhy ýadygärleri kömek edýär. “Dosty kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti” (2008), Owaz (2011) we «Suratkeş» (1984)atly diptihi, dostlary we kärdeşleri Ýede Madatowyň, Annadurdy Almämmedowyň, Babasary Annamyradowyň muňa aýdyň subutnama bolýar. Döredijilik şahsyýetleri temaly eserlerinde sada materialyň, ýagny kagyzyň we akwareliň, guaşyň oýnaýan orny olaryň ruhy dünýäsiniň köpgraňly we inçe baý duýgulary görkezýän çeperçilik serişdeleriniň mümkinçiligini kämil ussatlyk bilen peýdalanýandygyny görmek bolar. Suratkeşiň hakyky döredijiliginiň gözleglerinde kompozisiýanyň şekilleriniň üsti bilen çeperçilik plastikasynyň özboluşlylygyny tapandygyny «Suratkeş» (1984) atly diptihinde özüniň indiwidual häsiýetini görkezýär. Eseriň kompozisiýasy çagalyk döwründe özüniň başyndan geçen kynçylyklary, aladalary, hemme ýatlamalar halkyň durmuşy bilen bagly bolandygyny dörän görkezýär. Suratkeşiň ýakynlarynyň durmuşyny suratlandyrýär we özüniň  duýguly ýatlamalary şol döwür bilen berk bagly bolandygyny suratda janlandyrýar.

Halypa kompozisiýanyň esasy «gahrymany» hökmünde beýik derekleri, kölegeli garagaçlary we gök-ýaşyl öwüsýän depe-baýyrly peýzaž suratlandyrýardy. Akwarel we reňkli ýag boýagly nakgaşçylygynyň ussatlygy nakgaşlyk sapaklarynda kompozisiýanyň keşbine özboluşly çeperçiligi aýdyňlyga kömek bermelidigi barada suratkeş şägirtlerine öwredýärdi. A. Jumaniýazowyň käbir eserlerinde reňki goşmaça çeper serişde hökmünde peýdalansa-da, kompozisiýanyň suraty hemişe esasy gahrymanyň keşbiniň takyk hereketini, içki dünýäsiniň öý-pikirlerini, häsiýetini görkezmäge niýetlenendir.

Monumental nakgaşçylygynyň eserleri gadymy dünýä döwrinde adamyň çeper duýgylygyna hem täsir edip, tebigat bilen baglylygy şekil-keşpleriň herekitiniň üsti bilen suratlandyrýar. Diwar suratynyň (freskasynyň) ýerine ýertirýan wezipesi – suratkeşiň jemgyýet we dünýä barada düşünjelerini şöhlelendirmek hem-de çeperçilik monumental nakgaşçylyk diliniň üsti bilen jemgyýetçilikde adamyň durmuşy we tebigat bilen baglylygyny görkezmek.

Döredijilik işini başlan döwründe bäri Azat Jumaniýazow monumental sungatynyň çeper aýratynlyklaryny ýörite orta çeperçilik okuwyny tamamlan ogly Annageldi Jumaniýazowa hem öwredýär. Monumentalçy suratkeş Azat Jumaniýazow bilen bilelikde döredilen freska we mozaikalar bezeg pannolar barada gürrüň edilende Annageldi Jumaniýazowyň ady tutulýar. Sungaty öwreniji N. Ýagşymyradow şeýle belleýär: “Täze döwrüň Garaşsyzlyk ugrundaky ýoly we jemgyýetçilik pudagyna degişli eserleri döretmekde ussat suratkeşler Y. Gylyjow, A. Muhammedow, B. Owganow, B. Hojammaýew, A. Akyýew, P. Garryýew, A. Kulyýew, A. Jumaniýazow we başgalar işleýärler” [3, 268 s.]. 

Giň diwar giňişliginde reňk we şekilleriniň hereketiniň çeperçilik gatnaşyklarynda iki sany suratkeşi Azat we Annageldi Jumaniýazowlary gyzyklandyrýan meseleleri esasynda tapawutly bolýar.

Annageldi Jumaniýazowy abstrakt nakgaşçylygynyň düşünjeleri diwarda çözülýändigi gyzyklandyrýan bolsa, onuň halypasynyň yzarlaýan soragynyň esasysy – uly göwrümli diwar kompozisiýanyň gahrymanlarynyň hakyky hereketli we duýguly adamkärçiligiň häsiýetini ýüze çykarmak we awtordaşlyk döredijiliginiň esasynda ýüze çykan soraglarynyň çözgüdiniň çeperçilik ýoluny görkezmekdi.

1997-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýaşaýyş jaýynyň gapdal diwarynda «Garaşsyz Türkmenistan» atly mozaika eserini Annageldi Jumaniýazow bilen bilelikde ýerine ýetirýär. Kompozisiýanyň her bir bölegini beton plitalaryň ýüzünde reňkli smaltalardan döredilipdir. Bu işi ýerine ýetirmek boýunça toplan tejibesini Azat Jumaniýazow öz şägirdine geçiripdir.

Azat we Annageldi Jumaniýazowyň döredijiligi türkmen sungatynda halypa-şägirtlik ýörelgesiniň däpleri dowam edýändigini aýdyň görkezýär.

.

Amantuwak AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby.

EDEBIÝATLARYŇ SANAWY

  1. Annanepesow O. Halypa – daragt, şägirt miwesi. — A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.
  2. Muhatowa O. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi. 70 ýyl. — A., 2011.
  3. Yagşymyradow N. G. Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň taryhy. — A.: Ylym, 2016. 

Джуманиязова М. Искусство созидания // Возрождение. – № 10. – 2020. – С. 22-23.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok