Adam beýnisi barada gyzykly maglumatlar

Bedenimizde birnäçe möhüm organlar bar. Şeýle-de bolsa, bularyň hemmesinden has möhümi beýni bolup durýar. Beýni adam bedenindäki energiýanyň köp bölegini gönüden-göni özüne sarp edýär.

Beýni nerw ulgamynyň merkezi bolup hyzmat edýän organdyr. Adaty bir adamyň beýnisinde 15-33 milliard neýron bardygy çak edilýär. Olaryň her biri “synapses” diýilýän baglanyşyk arkaly birnäçe müň neýron bilen baglanyşdyrylýar. Bu neýronlar akson diýilýän uzyn protoplazmatiki süýümler arkaly biri-biri bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Aksonlar beýniniň beýleki ýerlerine ýa-da bedeniň belli bir reseptor öýjüklerine maglumat berýär.

Beýni barada gyzykly maglumatlar:

  • Beýni reňkleri eşitmäge we sözleri yslamaga mümkinçilik berip bilýär;
  • Çuňňur dem almak has aýdyň pikirlenmäge mümkinçilik berýär;
  • Aşyk bolmak beýnini işjeňleşdirýär;
  • Beýniniň öndürýän energiýasy bilen bir çyrany ýakyp bolar;
  • Uly adamyň beýnisiniň agramy ortaça 1,5 kg;
  • Adam beýnisiniň kuwwaty çäksiz hasaplanýar;
  • Adam beýnisi 75 göterim suwdan durýar;
  • Adam beýnisinde ortaça 86 milliard neýron bar;
  • Neýronlaryň arasynda maglumat akymy sagatda takmynan 400 kilometre deňdir;
  • Beýni özüne iberilen agyry signallaryny bedeniň beýleki ýerlerine iberýär, ýöne agyryny duýmaýar;
  • Adam beýnisi bedendäki kislorodyň we ganyň 20 göterimini ulanýar.

Daýanç KAKABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.

Teswirler

Kaka Şyhnyýazow.

Neýronlar barada 15-33 mlrd-a ynanmalymy ýa-da 86 mlrd.-a? "Reñkleri eşitmek", "sözleri ysLamak"...!!!??? Geñ galdyrmaklygyñ hem bir çeni bara! Saz diñlàniñde reñk görüp bolýandygy belli zat...