Nýu-Ýorkda “Dünýäniň iň inçe binasy” guruldy

ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda “dünýäniň iň inçe binasy” diýlip atlandyrylýan binanyň gurluşygy tamamlandy.

Binany dizaýn eden “ShoP” binagärlik kompaniýasy “CNN” telekanalyna beren beýanynda “Steinway Tower” diýlip atlandyrylýan binanyň “dünýäniň iň inçe binasydygy” aýdylýar. Binanyň boýy 435 metr bolup, günbatar ýarym şarda iň beýik 3-nji bina bolup durýar.

Dünýäniň iň inçe binasy reňkini we gurluşyny üýtgedýän ýaly bolup görünýän dürli yşyklar bilen bezelen. 2013-nji ýylda gurlup başlanan 84 gatly bu binanyň ýaşamak üçin niýetlenen otaglarynyň bahasy 66 million dollara çenli ýetýär.

Binanyň doly gurluşygy 9 ýylda tamamlanyldy. Dünýäniň iň inçe binasyny guran binagärlik firmasynyň müdiri Gregg Paskarelli binany “Adatdan daşary gurluşygyň we ajaýyplygyň taslamasy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Aýgül AMANGELDIÝEWA,

Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok