Jandarlar reňkini nädip üýtgedýär?

Käbir jandarlaryň reňki ýaşaýan ýerindäki topraga meňzeýär. Şeýle jandarlar öz reňkini gysga wagtda, käbirleri bolsa, möwsüme baglylykda uzak wagtda üýtgedýärler. Adatça jandarlaryň reňkiniň üýtgemegi esasan, oňurgaly jandarlara degişlidir.

Reňkini üýtgedýän jandarlar diýlende, ilkinji nobatda hameleon göz öňüne gelýär. Ýagny, hameleonlaryň derisiniň reňkiniň üýtgemegi temperaturanyň we daşky gurşawdaky ýagtylygyň üýtgemegi bilen baglydyr. Bu jandarlaryň käbir görnüşleri islendik reňke diýen ýaly öwrülip bilýär. Şeýle hem, olaryň derisiniň aşagynda ýörite pigment göteriji öýjükleri bolup, bu üýtgeşiklik bary-ýogy 16-20 sekuntda bolup geçýär. Mundan başga-da, hameleonlaryň dili bedeninden iki esse uzyn bolup, olaryň gözleri 360 dereje görmäge ukyplydyr, ýagny olar kellesini öwürmän islendik tarapy görüp bilýärler.

Demirgazyk polýusa golaý ýerlerde ýaşaýan arktika tilkileriniň uzynlygy 40-70 santimetr aralygynda bolup, olar galyň gar astynda hinde ýaşaýarlar. 50 dereje sowukda ýaşamaga ukyply bolan bu jandarlaryň reňki gyşda gar ýaly ak bolýar. Tomusda bolsa, olaryň reňki goňur bolýar. Arktika tilkileriniň eşidiş ukyby örän ýokary bolup, olar ümürli howada-da aw edip bilýärler.

Hindi we Ýuwaş ummanynda duş gelýän osminoglaryň haýran galdyryjy aýratynlygy onuň sekizden hem gowrak jandarlara meňzäp bilmegidir. Ýagny osminoglar, suw ýylany, meduza, kambala, skat, deňiz aktiniýasy we bogomol leňňeç ýaly suw jandarlaryna meňzäp bilýärler. Osminoglar muny aýaklarynyň şekilini we reňkini üýtgetmek arkaly ýerine ýetirýärler.

Dünýä ummanlarynda duş gelýän Kalmar balygy orta ululykdaky mollýusklar bolup, bu jandarlaryň ýüzden gowrak görnüşi bardyr. Kalmarlar hem dürli tebigy şertlere uýgunlaşmaga ukyplylygy bilen tapawutlanýarlar. Şeýle hem, olar deňziň düýbünde aňsatlyk bilen gizlenip bilýärler.

Demirgazyk Amerikada duş gelýän reňkini çalt üýtgetmek ukyby bolan altyn pyşdyl tomzagy üstüne howp abananda reňkini açyk altyndan mämişi reňke üýtgedip bilýär. Bu kiçijik möjejikleriň uzynlygy 7 millimetr töweregi bolup, olar reňkini üýtgedende, zäherli mör-möjek ýaly duşmanlaryny gorkuzýarlar.

Maýsa HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok