Geçmişde wagtyň ölçenilişi

Gadymy döwürlerden bäri adamlar ekin ekmek, hasyl almak, mallary bakmak, jaý gurmak we ýaşamak üçin gerek bolan ähli işleri ýerine ýetirenlerinde wagty anyklamaly bolupdyrlar. Olar ýylyň dürli döwürleri, pasyllaryň çalyşmagy, Gün, Aý, ýyldyz beýleki asman jisimleriniň hereketi we guşlaryň göçüp gidýän ýa-da göçüp gelýän wagty ýaly tebigy hadysalara seredilipdir. Aýyň hereketine görä , ilkinji senenamany, takmynan 10 müň ýyl ozal döredilendigi bellenilýär. 5 müň ýyl mundan ozal bolsa, sumerliler her aýy 30 günden, 12 aýa bölünen ýyl senenamasyny döredipdirler. Bu senenama görä, asmanda ýarym Aýyň peýda bolmagy bolsa şol aýyň ilkinji güni hasaplanypdyr.

Günüň uzynlygyny anyklamak üçin bolsa, Günüň hereketlerine gözegçilik edilipdir. Ilkinji sagatlar Günüň asmanda aýlanmagy bilen tekiz ýere ýerleşdirilen, belli bir tarapa bakdyrylan stasionar jisimiň kölegesiniň uzynlygynyň we ugrunyň üýtgemelerini kesgitlemäge esaslanypdyr. Gün sagatlary diýlip, atlandyrylýan wagt ölçeýji bu gurallar dürli ululykda bolup, dünýäniň köp ýerlerine ýaýrapdyr. Belli bir wagty ölçemek üçin bolsa, suw sagatlary, şem sagatlary, gum sagatlary ýaly dürli gurallar peýdalanylypdyr. Gijelerine wagt kesgitlemek üçin suw sagatlary ulanylyp, bu sagat hemişelik tizlikde akýan suwuň mukdaryny ölçemäge esaslanypdyr. Gumly sagatlar bolsa, köplenç, belli bir wagt aralygyny ölçemekde peýdalanylypdyr. Häzirki wagtda ulanylýan mehaniki sagatlar XIII asyrda, ylmyň ösmegi we tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen ýüze çykýan «akylly» sagatlar bolsa, XXI asyrdan bäri giňden peýdalanylyp gelinýär.

Baýramgeldi JOMMANOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok