Elektrik energiýasynyň oýlanyp tapylmagy adamzadyň taryhynda möhüm açyşlaryň biri bolýar. Bu açyş beýleki açyşlara hem başlangyç bolýar. Ýogsa-da, elektrik toguny kim we haçan oýlap tapdyka?! Adamlar gündelik durmuşynyň her ugrunda elektrik energiýasyndan peýdalanýarlar. Elektrik energiýasynyň oýlanyp tapylmagyna degişli dürli çeşmelerde, dürli maglumatlar bar. Taryhy ýazgylarda elektrik toguny açan ilkinji adamyň Benjamin Franklindigi aýdylýar. Bu ugurdaky esasy ilkinji synaglar Frankliniň ýaşan döwründe geçirilipdir. Bu synaglaryň netijesinde elektrik bilen ýyldyrymyň arasyndaky baglanyşyk ýüze çykaryldy. Şeýle-de bolsa, elektrik togunyň oýlanyp tapylan döwri miladydan öňki 600-nji ýyllar hasaplanýar.
1600-nji ýyllarda bolsa, iňlis fizigi Wilýam Gilbert käbir materiallaryň sürtülmegi netijesinde «güýji» kesgitläpdir. Birnäçe ýyldan soň, iňlis alymy Tomas Braun öz kitabynda ilkinji gezek elektrik sözüni ulanýar. 1752-nji ýylda Benjamin Franklin ýyldyrymdan ilkinji uçguny açar bilen «tutmagy» başarypdyr. Elektrik toguny oýlap tapyjy hökmünde kabul edilen iňlis fizigi Wilýam Gilbert bu reaksiýany latynça «elektrik» sözüne esaslanýan zatlaryň, elektrik sürtülmesi netijesinde ýüze çykýan güýç diýip kesgitleýär. Elektrik bilen yşyklandyrylan ilkinji ýaşaýyş meýdany Fransiýanyň Lion şäherindäki Imperator köçesidir. Imperator köçesi 1857-nji ýylda ak lampalary bilen yşyklandyrylýar. 1878-nji ýylda bolsa, Fransiýanyň Pariž şäherindäki Opera köçesi yşyklandyrylýar. Elektrik energiýasyny täjirçilik maksatly ulanmak 1882-nji ýylda «Morgan Chase» kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Dünýädäki ilkinji elektrik bekedi 1878-nji ýylda Angliýada meşhur fizik Wilýam Jorj Armstrong tarapyndan sungat galereýasyny ýagtylandyrylmak üçin gurlupdyr. Ilkinji gidroelektrik stansiýasy 1881-nji ýylda ABŞ-nyň Niagara şaglawugynyň golaýynda «Şelkopf elektrik bekedi» ady bilen döredildi. Ilkinji elektrik ulgamy 1885-nji ýylda Şweýsariýada pes woltly we 1889-njy ýylda Italiýada ýokary woltly guruldy. «Pearl Street» elektrik bekedi 1882-nji ýylda Nýu-Ýorkda Tomas Edison tarapyndan açyldy. Bu bekediň 5 müň sany lampany ýakmaga mümkinçiligi bolupdyr.
Annaoraz ANNAORAZOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler