Adamzadyň irki wagtlardan bäri çözmäge synanyşýan meseleleriniň biri bolan ýatkeşlik, iň beýik alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Ýatkeşlik hakynda, San-Fransisko uniwersitetiniň alymlary tarapyndan kesgitlenen ýagny adam dik oturanynda ýa-da dik duranynda maglumat ýatda has aňsat galýandygyna göz ýetirdiler, sebäbi bu ýagdaý adamyň gan aýlanyş we kislorod aýlanşyny 40 göterim ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da, dünýä ilatynyň diňe 10%-i çep elde ýazýarlar, bu bolsa adamlaryň sag elde ýazýanlary bilen deňeşdireniňde maglumatlary has gowy ýatda saklaýarlar. Mundan başga-da, alymlar çep elde ýazýan adamlaryň beýni ýarym şarlaryny birleşdirýän we ýatlamalary has aýdyňlaşdyrýan uly korpus kallosumynyň bardygyny anykladylar. Ýatkeşligiň dogabitdi bolmagyna, mysal hökmünde aşakdakylary bellemek bolar:
- XVII asyrda ýaşap geçen Italýan kompozitory Wolfgang Amadeus Motsarty aýtmak bolar. Ol bir gezek eşiden kompozisiýasyny ýatda saklap we onuň notalaryny bellik etmegi başarypdyr.
- Awstraliýanyň Hobard şäherinde ýaşaýan Paula Prentis üç aýlap atlary we salgylary bilen takmynan, 130 müň belgini özünde jemleýän telefon bukjasyny öwrenipdir. Aýalyň özi, muny telefon hyzmaty operatory bolup işleýänligi sebäpli, öz başarnygyny ýokarlandyrmak üçin edipdir.
- Nişan Naraýanam 10 ýaşynda tötänleýin zatlaryň sanyny – 12 minutda 225 elementi ýatda saklap bilmek ukyby bilen dünýäde rekordyny goýdy. Birnäçe ýyllardan soň 1 minutda 132 san ýadyna düşüp, ýenede bir rekord goýdy.
- Üýtgeşik ýady bolan Dominik O’ Brien. Ginnes kitabynda rekord eýesi. Şeýlelik-de ol 1994-nji ýylda ýat tutmak boýunça ýaryşlarynda düýbünden nätanyş hytaý dilinden 152 sany sözi ýatda saklamagy başardy.
- Bir wagtda sekiz tagtada oýnap bilýän we olara seretmän oýnamany başarýan Amerikaly küştçi Pol Morfi dünýäni haýrana goýdy.
Allanazar MURADALYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler