NASA ýakynda häzire çenli 5000-den gowrak ekzoplanetanyň (gün sistemamyzyň daşyndaky planetalaryň) üstüniň açylandygyny resmi taýdan tassyklady. Kosmos gullugynyň “Exoplanet” arhiwine 65 sany täze we tassyklanan planetanyň goşulmagy bilen üsti açylan ekzoplanetalaryň umumy sany 5,005-e ýetdi.
Alym astronomlaryň aýtmagyna görä, bu keseki planetalaryň hersiniň üýtgeşik aýratynlyklary bar. Käbirleri ownuk we gaýaly, beýlekileri Ýupiter ýaly gaz bilen gurşalan. Käbir planetalaryň iki hemrasy bar bolsa, beýlekilerinde hiç hili ýok. Şu wagta çenli tassyklanan planetalaryň 30 göterimi gaz halynda, 35 göterimi Neptuna meňzeş garaňky we buzluklar bilen örtülen, 31 göterimi bolsa super planetalar (Ýerden 10 esse agyr, ýöne Neptundan has kiçi) bolup durýar.
“Exoplanet” açyşlary indi birnäçe wagt bäri Ýerdäki tehnologiýalar bilen çäklenýär. Has uzakdaky planetalara gözegçilik etmäge Ýeriň atmosferasy hem päsgel berýär. Kosmosa uçurylan teleskoplar bu ugurda uly mümkinçilikleri döredýärler.
Alymlar 1992-nji ýylda ilkinji ekzoplanetany tapdylar. Şondan bäri hem ululy-kiçili 5000-den gowrak ekzoplaneta bize mälimdir. Ekzoplaneta gözleglerinde esasanam, 2009-njy ýylda uçurylan “Kepler” kosmos teleskopy köp möçberde maglumaty almaga mümkinçilik berdi. “Kepler” alymlara 2700 ekzoplanetany tapmaga kömek etdi. “Kepler” kosmos teleskopy 9 ýyllap kosmosda hereket etdi.
Alym astronomlar “Täze planetalary tapmak adaty adaty bir zat däl. Her bir täze tapylan planeta öwrenmeli we bilmeli köp zadyň bardygyny ýüze çykarýar. Elbetde, Älemde Ýerden başga planetada ýaşaýyş barmy? – diýen sorag asyrlar bäri hemmäniň ünsüni özüne çekip gelýän sorag bolup durýar. Her täze tapylan planeta bolsa bize bu soraga biraz hem bolsa jogap tapmaga golaýlaşdyrýar” – diýip belleýärler.
Aýjemal KESÄÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler