Ýangyn söndürijiler

Ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň doly berjaý edilmedik halatynda döreýän ýangyn sanlyja minudyň içinde öýleri ýa-da iş ýerlerini ýer bilen ýegsan edýär. Ýangyn söndürijiler – bu metal gaplaryň içine ýangyna garşy göreşýän islendik madda salnan bolup, olar tutaşan ody çalt we netijeli söndürýär.

Ýangyn söndürijiler nähili işleýär?

1. Goraýjy simi tutawaçdan aýyrmaly we ryçagy üýtgewsiz gysmaly.

2. Ryçagyň gysylmagy netijesinde gaz kartrijiň ýokarsyndaky klapan açylýar.

3. Gysylan gaz kartrijden çykyp ýangyn söndürijiniň ýokarsyna barýar

4. Birden boşaýan gazyň göwrümi giňelýär we suwy aşaklygyna itýär.

6. Suw ýangyn söndürijiniň ýokarsyndan gysylyp çykýar.

5. Suw inçe turbadan uly basyş bilen ýokarylygyna tarap hereket edýär.

Ýangyn söndürijileriň suw, kömürturşy gaz, toz ýa-da köpürjik sepýän görnüşleri bolup, olary ýangynyň görnüşine görä dogry ulanmagy başarmaly. Ýangyn söndürijileriň daşyndaky gözükdirme hatynda olaryň ýangynyň nähili görnüşi üçin niýetlenendigi şekiller we harplar bilen görkezilýär.

Hajynazar HAJYAMANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok