Dünýädäki iň gymmat köprüler

Belli bolşy ýaly, köprüler adamzadyň gadym döwürlerde oýlap tapan peýdaly inženerçilik desgasydyr. Häzirki täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen gurulýan köprüleriň inženerçilik aýratynlyklary hem kämilleşdi we çylşyrymlaşdy. Netijede gurulýan köpri taslamalarynyň ykdysady gymmaty has-da ýokarlandy. Ine, şeýle köprüleriň käbiri hakda durup geçmek her birimiz üçin täsirli bolsa gerek:

Takoma köprüsi

Ol ABŞ-nyň Waşington şäherindäki Takoma-Narrows bogazynyň üstünde ýerleşýän asma köpri bolup, gymmaty 827,7 mln dollardyr.

Kuper köprüsi

Bu geçelgä köplenç ony gurduran syýasatçy Artur Reýweneliň köprüsi hem diýilýär. ABŞ-nyň Günorta Karolina ştatyndaky Çarlston şäherindäki Kuper derýasynyň üstünde bina edilen bu köpriniň gymmaty 836,9 mln dollardyr. Taslamanyň tamamlanmagy üçin 4 ýyl 6 aý gerek boldy we ol 2005-nji ýylda açyldy. Köpriniň uzynlygy 471 metr bolup, ol Günbatar ýarym şaryň iň uzyn köprüsi hasaplanylýar.

J.Waşington köprüsi

Bu meşhur köpri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki iň uly möçberli köprüleriň biridir. Ol Gudzon derýasynyň üstünde ýerleşip, Manhetten we Nýu-Jersi sebiti birleşdirýär. Gurluşygy 1927-nji ýylda başlanyp, 1931-nji ýylyň oktýabrynda tamamlandy, ykdysady gymmaty 1,1 mlrd $ deň.

San-Fransisko – Oklend köprüsi

ABŞ-nyň San-Fransisko we Oklend şäherlerini birleşdirýän bu köpriniň gurluşygy 1930-njy ýylda başlandy. 3,5 ýyl dowam eden gurluşygy 1936-njy ýylda tamamlandy. Uzynlygy 8,25 km bolup, gymmaty 1,3 mlrd $.

Wasko da Gama köprüsi

Uzynlygy 17,2 km bolan bu köpri Portugaliýada ýerleşýär. Köpri alty zolakly awtoulag köprüsidir. Ol 1998-nji ýylda açyldy. Taslamanyň bahasy 1,3 mlrd dollara deňdir.

Sindaos köprüsi

Aýlagyň üstünde gurlan bu iri taslama dünýädäki iň uzyn köpri bolup, uzynlygy 42,5 km deňdir. Gurluşygy 4 ýyllap dowam eden bu iri taslama Hytaýda ýerleşýär. Her gün ortaça 30 müň töweregi awtoulag geçýän bu köpriniň gymmaty 1,5 mlrd dollardyr. Köpri alty zolaga bölünip, ony 5200-den gowrak sütünler saklaýar.

Uly guşak gündogar köprüsi (Great Belt East Bridge)

Bu  köpri Daniýa döwletinde ýerleşip, uzynlygy boýunça dünýäde üçünji orunda durýar. Uzynlygy 6,75 km deň. Bu gurluşyk Daniýanyň paýtagtyny deňziň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän ägirt uly taslamadyr. Gurluşygy 1997-nji ýylda başlanyp, bahasy 4,4mln dollardyr.

Gyzylgül ÖWEZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok