Häzirki wagtda dünýäniň ähli künjeklerinde senagatlaşmagyň artmagy netijesinde ilatyň dünýä ýüzünde artmagy hem bolup geçýär. Şonuň üçin hem iň köp ilatly şäherleriň sanawy biri-birinden tapawutlanyp durýar. Ýagny, ilat sanawy taýýarlananda ykdysadyýet, medeniýet, ilat we başga-da, birnäçe sebäpler göz öňünde tutulyp, sanaw taýýarlanylýar. Bu sanawda birinji orny Hytaýyň Çunsin şäheri eýeläpdir. Şäherde 30 million 751 müňden gowrak adam ýaşap, bu ýerde uly metropolyň çäginde awtoulag, derman senagaty we beýleki ugurlarda önümçiligi amala aşyrýan 400-e golaý zawod-fabrikler ýerleşýär. Çunsiniň meýdany 82 müň 300 inedördül kilometre barabar bolup durýar.
Hytaýyň iri port şäherleriniň biri hasaplanýan Şanhaý sanawda ikinji orny eýeläpdir. Meýdany 6 müň 340 inedördül kilometre ýetýän bu şäheriň 24 million 152 müň 700 ýaşaýjy ýaşaýar. Senagat taýdan ösýän iri sebitde soňky ýyllarda iş orunlarynyň artmagy bilen bu şähere köp adam göçüp gelipdir. Ösen infrastruktura döredilen şäherde metro bilen gezelenç etmek has amatly hasaplanýar.
Üçünji orny eýelän şäherleriň ýene biri bolsa, Päkistanyň Karaçi şäheri bolup, bu şäher ilat sany boýunça uly şäher hökmünde ykrar edilip, 200 ýyl mundan ozal balykçylyk şäherçesi hökmünde esaslandyrylypdyr. Soňky geçirilen ilat ýazuwyna görä, Karaçiniň ilatynyň sany 23 million 500 müňe ýetipdir.
Hytaýyň paýtagty Pekin sanawda dördünji bolup, bu ýerde 21 million 705 müň ilat ýaşaýar. Dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolan Pekinde ýaşaýjylaryň köpüsi täze gurlan «Siheyuans» atly jaýlarda ýaşaýarlar. Bu jaýlar umumy howlusynyň barlygy bilen tapawutlanýar.
Sanawyň bäşinji ornuny Hindistanyň paýtagty Deli şäheri eýeleýär. Onuň ilatynyň sany 16 million 780 müňe ýetip, bu şäher köp milletleriň we köp medeniýetleriň jemlenen ýeri hökmünde tanalýar.
Parahat MEREDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler