Uçarlar nädip uçýarlar?

 “Bäh, demir bölekleri nädip uçyp bilýär? Aý olar gaty kelleli adamlar” diýip, özüňiz bilen gürrüňdeş bolansyňyz. Bu uçarlar hakykatdanam nädip uçýar?

        Ilki bilen, ulakan metal bölekleriniň agramynyň 120 tonnadan geçip biljekdigini ýatlatýaryn. Elbetde munça agyr metal böleginiň howada guş ýaly uçmagy hakykatdanam geň galdyryjy waka.

        Uçary uçurýan hereketlendiriji (dwigatel) däl, hereketlendiriji diňe öňdäki howany alyp, yza itýär. Esasy zat ganatyň gurluşynda. Airfoil (howa ýassygy) diýilýän bu gurluş, ganatyň ýokarky bölegine pes basyş we aşaky bölegine ýokary basyş berýär. Ganat pes basyş bolan tarapa geçmäge ýykgyn edýär, şonuň üçin uçarymyz uçýar.

        Uçarlar barada täsin maglumatlar:

– Ýokarda emele gelýän pes basyş sebäpli iýmitleriň şekerleri has köp ýüze çykýar we uçarda iýýän iýmitleriňiz has tagamly bolýar.

– Uçarlaryň takmynan 10 km belentlikde uçmagynyň sebäbi, şol belentlikdäki howanyň adaty ýagdaýdan has dykyz bolmagydyr. Şeýlelik bilen, uçar az ýangyç bilen has ýokary tizlige ýetip biler.

– Uçardaky kislorod maskalary 20 minuda çenli kislorod zerurlyklaryny kanagatlandyrýar.

– Köplenç asmanda görýän ak çyzyklaryňyz, uçarlaryň çykarýan gazynyň sowuk sebäpli kristallaşmagy netijesinde emele gelýär.

.

Begmyrat AGAMYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň Sowadyjy
kompressor maşynlary we desgalary hünäriniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok