Türkmen sporty – üstünlikleriň sepgidinde

2007-nji ýylda hormatly Arkadagymyzyň Prezident wezipesine saýlanylmagy bilen döwlet gurlyşynyň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda sport ulgamynda hem özgertmeler geçirilip başlandy. Şol döwürden bäri ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.

* Ýurdumyzda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Sport we Ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi.

* Şeýle-de, 2012-nji ýylyň 1-nji Ýanwarynda “Türkmenistan sport” telekanaly öz işine başlady.

* Paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadiony 2012-nji ýylyň oktýabrynda ýurdumyza gelen hem-de şol döwürde Ýewropanyň Futbol assosiasiýalary birleşiginiň (UEFA) prezidenti Mişel Platininiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. XX asyryň ady rowaýata öwrülen fransuz futbolçysy bu ajaýyp sport desgasynda netijeli türgenleşmek bilen birlikde, yklym derejesindäki iri ýaryşlary hem geçirip boljakdygyny belledi.

* 1993 ýylda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti döredilenden soň 48 sany Milli sport federasiýasy hasaba alyndy we komitet Halkara sport federasiýasy diýip ykrar edildi.

* 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V  Aziýa oýunlary Türkmenistanyň medeni we sport durmuşynda möhüm waka boldy. Biziň türgenlerimiz  Aziýada-2017 oýunlarynda uly ýeňişler bilen çykyş edip – 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç – jemi 245 medal gazandylar.

* Bäsleşikler Aşgabatda oýunlar üçin ýörite gurulan, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk  we umumylykda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan Olimpiýa şäherçesinde geçirildi. Şäherçede 40–dan gowrak dürli desgalar gurulyp, olaryň ikisi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi, bu Olimpiýa stadionynyň ýokarsynda ýerleşdirilen atyň dünýäde iň uly çeper–monumental şekili we dünýäde üsti ýapyk iň uly sportuň suw görnüşleriniň toplumydyr.

* Garaşsyz Watanymyzda 2018-nji ýylda “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi hem-de Agyr Atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirildi.

* Türkmenistan daşary ýurtlar bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça 70-e golaý dürli hökümetara we pudagara derejedäki resminamalara gol çekdi. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça biziň ýurdumyz BMG, ÝUNESKO, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary saklaýar.

* Şeýle hem, Türkmenistan Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, ÝUNESKO-nyň sportda doping serişdelerini ulanmaklyga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, ýurdumyzda Milli antidoping agentligi döredildi hem-de ÝUNESKO-nyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara Komitetiň (CIGEPS) düzümine saýlandy.

* 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Hormatly Prezidentimiziň teklip bermegi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny “Halkara welosiped güni” diýlip yglan etmek baradaky kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň günsaýyn ösýän halkara abraýynyň ýene bir görkezijisi bolup durýar.

* Bu şanly baýramçylyk mynasybetli 2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda paýtagtymyz Aşgabadyň günorta böleginde Köpetdagyň etegine ajaýyp desga – Welosiped binasy guruldy.

* Biziň ýurdumyzda bu şanly sene giňden bellenilýär we onuň çäklerinde 2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda paýtagtymyzyň “Aşgabat” köpugurly stadionynda 3 müň 246 adamyň gatnaşmagynda welosport boýunça okuw sapagy, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda bolsa, 2019 adamyň gatnaşmagynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirildi. Giň möçberli welosiped çäresine gatnaşyjylar biri-biri bilen kesgitli aralykda bir hatara düzüldiler we Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan öwrüm edip, 3300 metr aralygy geçdiler.

* Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp bolmagy başardy.

* Taryh üçin gysga döwrüň içinde ata Watanymyzyň şäherdir obalarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly sport mekdepleridir desgalary, toplumlary, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi, Golf sport toplumy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly döwrebap sport toplumy we beýleki köp sanly sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi.

* Mundan başga-da, Her ýylyň 7-nji Aprelinde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde “Bütindünýä Saglyk” güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

Gunça ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok