Muny bilmek gyzykly !

  • Uzak wagtlap uklamasak, adamyň beýnisiniň temperaturasy ýokarlanýar we pikirlenmek ukyby peselýär.
  • Adam beýnisi takmynan 25 ýaşa çenli ösmegini dowam etdirýär.
  • Ortaça adam beýnisiniň  90%  çenli peýdalanýar.
  • Beýniniň ululygy akyl derejesine hiç hili täsir etmeýär. Meselem:Eýnşteýniň beýnisiniň agramy bary-ýogy 1200 gramdan gowrak bolup, bu ortaça derejeden pes, ýöne ol şeýle zehinli bolupdyr.
  • Adam beýnisindäki ýagyň düzümi beýleki organlara garanyňda has ýokarydyr.
  • Beýnide nerw impulslary sagatda takmynan 440 kilometr tizlikde ýerleşýän neýron boýunça hereket edýär.
  • Pikirlenmek we akyl işi beýnä tälim berýär.
  • Beýni kislorod ýa-da glýukozasyz işläp bilmez.                       
  • Uky wagtyndada adamyň beýnisi işlemegini dowam etdirýär, hat-da oýa wagtyndan-da has güýçli işleýär.
  • Beýnide takmynan 100 milliard neýron bar.
  • Uly adamda ortaça beýni beden agramynyň 2%-ni tuýar.
  • Adamyň oňurga ýiliginiň massasy beýniden takmynan 50 esse azdyr. Pişiklerde we itlerde agramy deňdir.
  • Alymlar adam beýnisiniň ýadynyň göwrümini kesgitlemäge köpden bäri synanyşýarlar.


Akmaýa GURBANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok