- Biz kabul edýän informasiýamyzyň 80% ni göz arkaly kabul edýäris.
- Ýer şarynda gözüň reňkleri boýunça iň köp ýaýrany goňur reňkli gözlerdir. Ýagny, ýer ýüzüniň 55% ilaty goňur gözli diýip hasaplanylýar.
- Dünýäniň köp ýerlerinde gytak gözler owadan we özüne çekiji gözler hasaplanylýar.
- Adamzat göz arkaly 30- 250 reňke çenli saýgaryp bilýär.
- Zenanlar erkeklere garanyňda 2 esse köp gözüni açyp ýumýarlar.
- Adamazdyň görüjilik ukyby 160-170 gradus, guşlaryňky 360 gradus, pişikleriňki 185 gradus, itleriňki bolsa 30-40 gradusdyr.
- Iň ýiti görüjilik ukyby bürgüdiňkidir.
- Adamyň gulaklary we burny hiç haçan ösmegini togtatmaýar. Ýöne gözleri bolsa şol bir ölçegde durýar.
- Gözünde belok bar ýeke-täk jandar adamdyr.
- Adam 12 sagadyň dowamynda 25 minut gözüni açyp-ýumýar.
- Pişikler gyzyl reňki saýgarmaýarlar.
- Erkek adamlar daltonizm keseli (göz keseli) bilen zenanlara garanyňda 10 esse çalt keselleýärler.
Gunça NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler