Multfilmler çagalaryň aýrylmaz göwün küýsegidir. Ilkinji multfilmleriň haçan döränligini juda az adam bilýär. Ilkinji gezek çagalar üçin animasiýaly multifilmler Wolt Disneýiň kömegi bilen XIX asyrda peýda bolup peýda bolýar.
Ilkinji multfilm, 1898-nji ýylda tomaşaçylara görkezilen “Lilliputlaryň sirki” atly kiçi göwrümli multfilm adamzat taryhynda ilkinji multfilm hasaplanýar. Bu multfilmde oýnawaçlar, hereket edýän gurjaklar ulanyldy. Multfilm hereket edýän oýnawaçlar bilen janlandyryldy we şol döwürde özbaşdak hereket edýän zatlar adamlar köpügine gudratly zat hökmünde görünýärdi. Emma, gynansakda, lentanyň ýazgysy biziň döwrümize çenli ýetmedi.
1900-nji ýylda Lilliput sirkiniň döredijisi Jon Stýuart Blekton iki minutlyk “Enchanted Artist” wideosy bilen dünýä özüni tanatdy. Alty ýyldan soň režissýor ýene-de boýalan “Gülkünç ýüzleriň, gülkünç döwürleri” multfilmini hödürledi, emma multfilmde baş gahryman ýokdy. Şol sebäpli hem ol doly hukukly multfilm hasap edilmedi. Ilkinji doly hukukly multfilm 1908-nji ýylda tomaşaçylara görkezilen Emil Kolyň “Phantasmagoria” suraty hasaplanýar. Bu multfilm, iki minutdan ybarat bolup, animasiýany ösdürmek üçin esas boldy.
Şirin HÜMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
Teswirler