Çeper eserleri terjime etmekligiň stilistiki meselesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn üns berlip, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zehinli adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň üç dili hökman bilmelidikleri öz wagtynda öňde goýlan wezipedir. Dil öwrenmek üçin ýurdumyzda ähli şertler bar.

Dil – bu adamlaryň arasynda pikir alyşmanyň we gürleşmäniň iň esasy serişdeleriniň biridir. Olaryň arasyndaky aragatnaşyk iki görnüşde amala aşyrylýar, ýagny ýazmaça we dilden. Adamlar dürli dillerde gürleýän bolsalar bolsalar terjime ulanylmaly bolýar, has takygy “jemgyýetçilik tarapyndan talap edilýän ýazmaça ýa-da dilden tekst görnüşinde amala aşyrylýan bir dilden başga dile maglumaty geçirme netijesi.” Adatça bu prosese “bir dilden beýleki dile” diýilýär, ýöne aslynda bu diňe bir diliň beýleki dil bilen çalşylmagy bolman, eýsem ol dürli medeniýetleriň, edebiýatlaryň, eýýamlaryň, ösüşiň derejeleriniň we däp-dessurlaryň çaknyşmagydyr.

Bir dilden beýleki dile terjime etmeklik adamzat hereketleriniň iň umumysy bolsa gerek. Ol diňe bir umumy hereket bolman, eýsem iň çylşyrymly we iň üns çekijileriniň biridir. Many-düşünjäni bir dilden beýleki dile geçirmeklik adamlary birleşdirýär, bir-biriniň medeniýetini paýlaşmaga kömek edýär, tejribelerinden peýdalanmaga ýardam edýär we olaryň arasyndaky umumylyklar hakynda habarly edýär. Terjimeçi asyl dildäki aragatnaşyk gymmaty terjime edilýän dile geçirmek bilen, dürli dillerde gürleýän adamlaryň arasynda maglumat alyş-çalyşyny etmäge mümkinçilik berýär. Terjime nazarýeti terjimeçini derňew we umumylaşdyrma üçin gerekli maglumat bilen üpjün edýär, onuň tekste näme maglumat gözlemelidigini habar edýär, we onuň terjime edilýän dilde dogry pikir bermegine we maksadyna ýetmegine ýardam edýär.

Çeper terjime, has takygy şahyrana we çeper eserleriň terjimesi terjimäniň beýleki görnüşlerinden düýbinden tapawutlanýandyr. Ol terjimeçiniň dil çeperçiliginiň we edebi zehininiň bolmagyny talap edýär, sebäbi şol bir jümläni dürli adamlar diýseň başga-ça edip bilýärler. Terjimäniň bu görnüşi hakyky sungatdyr, çünki onuň estetiki täsiri has laýyk dil serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylýar. Çeper eserleri terjime etmeklik aňsat iş däldir. Bu terjime diňe bir pikir edişi we dünýägaraýşy giňeltmän, eýsem daşary ýurt dili bilen birlikde türkmen dil baýlygyny hem artdyrýar. [4; 341 s.]

Çeper eserleri terjime etmeklik hakykatdan hem döredijilikli proses. Çeper eserleriniň terjimeçisini ýazyjy diýip atlandyrsaň hem bolar. Haçanda ol kitaby ýa-da eseri daşary ýurt dilinden terjime edende ol ony täzeden döredýär hem diýseň boljak. Hünärmen terjimeçiler çeper eserleri terjime etmegi öz işiniň iň kynugry hasap edýärler. Ony işewür ýa-da yzygider terjime bilen deňeşdirmek bolmaz, sebäbi olarda sözlemleriň gurluşyny we stilistikany saklama zerurlygy ýok.

Çeper eseriň haýsy dilde ýazylanyna garamazdan çeper terjime ýazyjynyň stilini saklamalydyr. Şol bir wagtyň özünde çeper terjime göni edilmeli däldir. Ol örän erkin, takyklygy talap etmeýän bolmalydyr. Çeper terjimäniň aýratynlyklarynyň biri – asyl tekstiň  aýratynlyklary bilen arabaglanşygydyr. Adatça terjime frazeologiki söz düzümleri we diliň beýleki çeper öwüşginleri bilen işlemeli bolýar. Sözme-söz terjime edilende tekst öz manysyny ýitirýär. Onuň öňüni almak üçin terjime edýän dilinde meňzeş söz düzümlerini tapmaga başarmaly.

Çeper stil – ähli bar bolan stilleriň iň az derňew edileni bolsa gerek, sebäbi ol döredijilik taýdan iň çalt ösýän stildir. Bu stil özüniň ösüş ýolunda hiç hili kynçylygy görmeýär.

Terjimeçi ýa asyl nusgadaky stilistiki usullary ulanup ýa-da mümkin bolmadyk ýagdaýynda tekstdäki emosional täsiri görkezýän özbaşdak serişdesini ulanyp biler. Bu stilistiki ýerini dolma kompensasiýa prinsipi bolup, K. I. Çukowskiý ol hakynda şeýle diýipdir “ Metaforany metafora edip, deňeşdirmäni deňeşdirme bilen görkezmän, ýylgyryşy ýhlgyryş bilen, gözýäşy gözýaş bilen görkezmelidir. . [2; 79 s.]. Terjimeçi üçin stilistiki usulyň formasy däl-de, onuň wezipesi wajypdyr. Bu hereketleriň belli bir erkinligini aňladýar: grammatiki serişdeleri leksiki serişdeler bilen beýan edip bolýar we tersine.

Gepleşigiň stilistiki çeper serişdesini beýan edenimizde – deňeşdirme, metafora we beýlekileri – terjimeçi her gezek berlen obrazy saklamalymy ýa-da ony çalyşmaly diýen netijä gelmeli. Çalyşmanhň ulanylmagyna söz ulanylşy we kybapdaşlygy sebäp bolup biler. [3; 174 s.]

Deňeşdirmeleriň we metaforalaryň köpüsi durnukly söz düzümlerine (idiomalara) öwrüldi:

As like as two peas – bir almany ikä bölen ýaly

Awtoryň özboluşly täsirliligini terjime etmek has kyndyr. Köplenç sözme-söz terjime ýeterlik bolman, çalyşma ulanylmaly bolýar. Bular ýaly ýagdaýlar aýratyndöredijilikli usuly talap edýär. Iňlis dilinde yzyndan “of” predlogly adyň hilini görkezýän at bilen beýan edilen metaforiki epitet köp ulanylýar. Şeýle söz düzümleri örän täsirli we hemişe sypat + at bilen beýan edilip bilnenok. Köplenç olar her bir konteksta görä düşündirişi talap edýärler. [5; 188 s.]

Şeýlelik-de çeper telstde maglumatlary görkezmek üçin ulanylýan serişdeleriň sany örän köpdür. Şol sebäpli hem üýtgeşme girizmän terjime etmek mümkin däl. Şeýle serişdelere şu aşakdakylar degişli:

  1. Epitetler – özleriniň gurluş we semantiki aýratynlyklaryna görä terjime ( ýönekeý we goşma sypatlar; kesgitleýji söz bilen kadaly semantiki ylalaşygyň saklama derejesi.
  2. Deňeşdirmeler – gurluş aýratynlyklaryna we onuň leksikasyna girýän stilistiki öwüşginine görä terjime edilýär.
  3. Metaforalar – gurluş häsiýetlerine, obrazly we predmet meýilnamasynyň arasyndaky semantiki gatnaşyklaryna görä terjime edilýär.
  4. Awtoryň neologizmleri – asyl nusgada awtoryň ulanan stilistiki öwüşginliligine kybapdaş söz düzümleriniň kömegi bilen terjime edilýär.
  5. Fonetiki, morfemiki, leksiki, sintaktiki gaýtalamalar – gaýtalanmalaryň bölekleriniň sanynyň we onuň prinsipine görä terjime edilýär.
  6. Kinaýa – kontrastly çaknyşma prinsipi we gapma-garşy goýup bolmaýan zatlary gapma-garşy goýmak arkaly terjime edilýär.
  7. Asyl tekstiň sintaktiki aýratynlyklary – uzyn we gysga sözlemleriň kontrastlylygy, goşma gatnaşygyň üstün gelmegi we beýlekiler grammatiki laýyklyklaryň kömegi bilen terjime edilýär.
  8. Dialektizmler – adatça sada leksika arkaly terjime edilýär.

Elemetleriň hemmesi takyklyk bilen ulanylyp bilnenok, şol sebäpli islendik terjimede şular bolýar:

  1. Maglumatyň bir bölegi dikeldilip bilinmän düşürilýär.
  2.  Maglumatyň bir bölegi asyl görnüşde berilmän, dürli çalyşmalar we ekwiwalentler ulanylýar. [5; 116 s.]

Şu sebäplere görä islendik terjime asyl nusga bilen deňeşdirilende belli bir üýtgemeleri öz içine alýar, ýöne bu üýtgemeleriň möçberine görä terjimäniň takyklygy baglydyr, şoniň üçin onuň sany mümkin boldugyça az bolmaly.

Netijede, kadaly terjime terjimeçiniň belli bir çalyşmalary ulanmaklyk, sözme-söz terjimäni ulanmazlyk we manysy boýunça laýyklygy gözlemegi talap edýär.

EDEBIÝAT:

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Bilim –  bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
  2. Н. Ф. Читалина “Учитесь переводить”, Москва, 1975
  3. С. Власов, С. Флорин “Непереводимое в переводе”, Москва, 1978
  4. Bell, T. Roger “Translation and Translating”, Longman, 1991 
  5. Peter Newmark “Paragraphs on Translation”, Multilingual Matters Ltd., 1993
  6. Oxford word power dictionary, 2007
  7. Raymond Murphy, English Grammar in Use, Cambridge University Press

.

Mahym Allamyradowna Goşjanowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok