Barkodyň taryhy

Barkody 1940-njy ýylda ABŞ-daky Dreksel Tehnologiýa institutynda okaýan Bernard Silwer tarapyndan, birnäçe dükanyň eýesi bolan adamyň teklibine görä oýlanyp tapylýar.  Ol adamyň teklibi – hemme harytlaryň maglumatlaryny awtomat ýagdaýda ýatda saklaýan bir ulgamyň döredilmegidi. Silwer ünsüni özüne çeken bu wakany dosty Norman Wudlend aýtdy. Soňra olar bu meseläniň üstünde işlemäge başladylar. Akyllaryna gelen ilkinji pikir flýuoressensiýa (elektromagnit tolkunlaryny ýaýradýan) syýa bilen ýasalan we infragyzyl şöhlesiniň aşagynda ýalpyldajak ,,Nagyşlary‘’ ulanmak boldy. Ýöne onuň bahasynyň gymmatdygy we köp ulanylmaýandygy mälim boldy. Norman Wudlend skanirläp bolýan we Morsa kody ýaly prinsipde işleýän etiketka ýasamagy maksat edindi. Morsa kodundan tapawudy nokatlaryň ýerine inçe we galyň çyzyklar ulanylmalydy.

Barkodyň öndüriliş tapgyrynda öňe sürlen bu pikir häzirki zaman barkod düşünjesine gaty ýakyn bolupdyr. Emma Silwer we Wudlend ondaky çyzyklaryň skanerler tarapyndan tanalmagynyň (okalmagynyň) kynçylyk döretjekdigini göz öňünde tutup, bu pikirlerini has hem kämilleşdirdiler. 1949-njy ýylda nyşana tagtasyndaky ýaly iç-içine duran birnäçe halkalar şekilinde harplardan we sanlardan düzülen koda (data code) patent almak üçin ýüz tutdular. Netijede, skaneri barkoda parallel tutmak meselesi aradan aýrylmady. Häzirki zaman barkod skanerler bu meseläni  etiketkany birbada birnäçe tarapdan okamak arkaly ýeňip geçýär. Biraz soňra barkod skanerleriň ilkinji görnüşini ýasadylar. Ilkinji skaner barkody ýakyp, küle öwürmänkä kody okap ýetişýärdi. Şol wagt Wudlend IBM kärhanasynda işleýärdi we kärhana oňa iki gezek bu enjam üçin patent almagy maslahat berdi.  Soňunda patendy 1962-nji ýylda Philco kärhanasy aldy we ony RCA kärhanasyna satdy. 1970-nji ýyllarda ABŞ-daky IBM kärhanasynda işleýän Wudlend Jorj Lorer bilen bilelikde bütindünýä haryt kody (UPC – Universal Product Code) hökmünde tanalýan 12 belgili kody ýasadylar. 1974-nji ýylyň 26-njy iýunynda irden sagat 08:01-da Amerikanyň Ogaýa ştatynyň Troýa şäherindäki Marş söwda merkezindäki bir paçka sakgyç dünýädäki ilkinji barkodly satylan haryt boldy. Barkod ( BarCode ) maşynlar tarapyndan okalyp bilinýän, islendik harydyň ýüzüne kodlaryň wizual ýagdaýda ýerleşdirilmegidir.

Ýakup MÄMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok