Tomas Mun XVII asyrda Britan Ykdysadyýetçi-täjirleriň “merkantilist” diýip atlandyrylan toparynyň iň meşhur we hormatlanan agzasy bolupdyr. Bu topar Angliýanyň ykdysady taýdan ösmegi üçin söwda gatnaşyklaryny giňeltmeli diýen pikiri öňe sürüpdir.
Munuň ýönekep mysaly – daşary ýurtlar bilen söwda edip, olar öz baýlyklaryny we gymmatbahaly zatlaryny köpeltmegi, ýagny her ýyl daşyna köp satyp, içine bolsa az harajat etmegi maksat edinipdirler. “Biziň gazananlarymyz bize haryt hökmünde gaýdyp gelmese, onda ol göwher-tylla bolup gaýdyp gelmeli” diýip pikir edipdirler.
Tomas Munuň ömri barada bize az maglumat gelip ýetipdir. Onuň atasy patyşanyň pul çykarýan edarasynda işläpdir, kakasy bolsa tekstil söwdagäri bolupdyr. Tom Munuň özi ýaş wagtynda täjir bolýar, Italiýada köp ýyllap ýaşaýar we söwda işleri netijesinde tiz wagtyň içinde ep-esli baýlyk gazanýar. Soňra ol başlangyçda uzak gündogarda söwda işlerini alyp baran ”East India Çompany” diýen uly Britan aksioner kärhanasy bilen iş çalyşýar. 1615-nji ýylda Tomas Mun “East India Çompany”‘ kärhanasynyň başlyklygyna saýlanýar we ömrüniň ahyryna çenli şol wezipede işleýär.
Tomas Mun baýlygyny hem-de sosial statusyny gazanandan soň, birnäçe Britan komitetleriniň we düzümleriniň agzalygyna bellenýär. Düzümleriň köpüsiniň işi Tomas Munuň hem-de başga komitet agzalarynyň ýazan ykdysady çykyşlaryny çap etmekden ybarat bolupdyr. Tomas Munuň özi ykdysadyýet barada 2 kitap ýazypdyr.
Özüniň birinji işinde (T.Mun; 1621) “East India Çompany” kärhanasyny tankytçylardan gorapdyr. Tankytçylaryň aýtmagyna görä, kärhananyň altyn hem-de kümüş metallaryny (hoşboý ysly otlardyr burçlara çalyşmak üçin) gündogar ýurtlaryna eksport etmesi Britaniýanyň ykdysadyýetine zyýan ýetiripdir. Söwda baradaky bu pikirler merkantilist toparynyň düşünjesine örän ters gelipdir. T.Mun bolsa. mallaryň artykmaçlygyna hem-de tyllanyň ýöne üýşüp ýatmagyna garşy bolup, “East India Çompany” kärhanasyny bolup bilaýjek hemme ters düşünjelerden we düşünişmezliklerden bar güýji bilen goramagy başarypdyr.
T. Munuň aýtmagyna görä, her bir maşgalanyň baýaýşy ýaly, halk hem deň şertlerde baýamalydyr, ýagny çykdajysyndan köp gazanmaly we az sarp etmeli, tygşytly ulanmaly. Gaty köp pul sowmaklary netijesinde halk hem-de maşgalalar garyp düşýärler. Şeýlelik bilen, “East India Çompany” kärhanasy pul gazanýarka Britaniýa hem garyp düşmez” diýip, T.Mun ynandyrýar.
Ol, Britaniýanyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin azyk, egin-eşik ýaly harytlaryň, şeýle hem harby goşun üçin gerekli mallaryň üpjün edilmelidigini belleýär. Emma gymmatbaha aňrybaşy mallary daşary ýurtlardan satyn almak halk üçin zyýanlydyr. “East India Çompany” kärhanasy bolsa gerek bolan abzallary diňe peýdalanmak üçin satyn alypdyr.
Hindistan bilen söwda gatnaşyklary Britaniýanyň öz mallaryny satmak üçin mümkinçilik beripdir. Hindistan bilen söwda gatnaşyklarynyň ýene-de bir gowy tarapy – ol Turkiýe bilen söwda gatnaşygyny bes etmäge mümkinçilik beripdir. Çünki şol bir harytlar Hindistandaka garanda, Türkiýe döwletinden has gymmat bahadan gelipdir.
Netijede, hemme aňrybaşy gowy mallar Britaniýa üçin zyýanly bolmandyr, olaryň käbiriniň üstünde täzeden işlenilip, Britan şereketleri arkaly daşary ýurtlar bilen çalşyp, gymmatbaha metallaryň Britaniýa akyş ulgamyny döredipdirler. “East India Çompany” kärhanasy tarapyndan satyn alnan harytlar bolsa, köplenç, Britan eksportçylary üçin gerek bolan harytlar bolupdyr.
Tomas Mun birinji kitabyny “East India Çompany” kärhanasynyň tarapçysy hökmünde ýazan bolsa, onuň ikinji kitaby aradan çykandan soňra (1664) irki döwrüň meşhur ykdysadyýetçisi hökmünde bellenip çap edilipdir. Bellemeli zat, T.Mun öz ikinji kitabynda: ”Angliýa başga daşary ýurtlar bilen söwda aragatnaşygyny saklasa, has ýokary netijelere ýeter” diýip aýdýar. Ol gaýtam “East India Çompany” kärhanasy bilen söwda gatnaşygynyň tarapynda bolman, eýsem umumy söwda gatnaşyklaryny goldap çykyş edýär. Onuň aýtmagyna görä daşary söwda gatnaşyklary söwdanyň artykmaçlygy bolsa-da, halk baýap gidýär. Ol ýene-de artykmaç harajatlary ýüze çykardýan ýagdaýlar barada maglumat berýär. Netijede, T.Mun halkyň ykdysady ýagdaýyň gowulandyrmany maksat edinen Britan baştutanlaryna birnäçe meseleler dogrusynda maslahata berýär.
Söwda deňligi diýmek, halkyň eksport eden harytlarynyň mukdary bilen import eden harytlarynyň mukdary arasyndaky ýönekeý tapawutdyr. Artykmaç mukdarda söwda diýmek bolsa, eksportyň importdan köp mukdarda bolmagy diýmekdir. Daşary ýurtlaryň ähli ýerlerinde ikitaraplaýyn satyşlarda satyn alnan zatlaryň muzdy daşary ýurtlular tarapyndan tölenmelidir. XVII asyrda bu tölegleri daşary ýurtlar gymmatbaha metallar, ýagny altyn we kümüş bilen amala aşyrypdyrlar. Оňа görä eksportyň artykmaçlygy gymmat metallaryň toplanmagyna we ýurduň baýamagyna getiripdir. Emma ýurduň içindäki söwda Britaniýany baýatmandyr, sebäbi metallardan edilen girdeji köpelmän, ýöne bir raýatdan başga raýata geçipdir. Eksportyň importa görä köpelmegi üçin Britaniýanyň özi öndürip, daşary ýurt harytlaryna bolan talabyny azaltmaly. Şeýle hem Britaniýa öz harytlaryny, esasanam, aňrybaşy tohumlyk mallaryny tygşytly sarp etse, onda ol has köp harydyny daşary ýurda salyp biler diýip, T.Mun belleýär. Esasan hem, ol aşakda beýan edilen aňrybaşy harytlaryň sarp edilmegini maslahat bermeýär.
Ýurduň içki pul möçberiniň artmagy adamlaryň köp mukdarda haryt satyn almaga islegli bolmagynyň howpuny döredýär. Bu bolsa ýurt içindäki harytlaryň bahasynyň galmagyna we eksportuň azalmagyna getirip biler, sebabi ýurt içinde öndürilen önümleriň bahasy daşary ýurtlara satmak üçin gaty gymmat bolar. Ýöne Tomas Munuň aýtmagyna göra, aňsatlyk bilen bu ýagdaýlaryň öňüni alyp bolar. Daşardan gelen pullaryň halka bähbitli boljakdygyna göz ýetirmek üçin olary täzeden ýatyrmaly. Täze goýumlar gelejekde eksportyň köpelmegine hem getirer. Şeýle hem T.Mun maýagoýumlarynyň wajypdygyny hem belleýär.
Ol diňe bir söwda artykmaçlygynyň gowy taraplaryny bellemän, şol artykmaçlygy döretmegiň usullaryny hem beýan edýär.
Ilki bilen, baha meselesini ýola goýmaly. T.Mun harytlaryň ”iň gowy bahadan”, ýagny iň bähbitli hem-de baýlyk getirýän bahadan satylmagyny isläpdir. Britaniýa öz söwda monopoliýasyny saklaýan ýurtlarynda harytlaryny gymmat bahadan satmaly. Ýöne bäsdeşleriň köp bolan ýurtlarynda, Britaniýa öz harytlaryny mümkin boldugyça pes bahadan satmaly. Bu ýagdaý Britaniýanyň harytlarynyň köp satylmagyna we bäsdeşleri ýoldan aýyrmaga getirer. Haçan-da bäsdeşler ýoldan aýrylanda, olaryň ýene-de yza dolanmalaryna mümkinçilik bermän bahalary galdyrmaly.
Ikinjiden, T.Mun harytlaryň ýokary hilli bolmagy dünýä boýunça şol harytlara bolan islegi artdyrar hem-de Britaniýanyň eksportynyň köpelmegine getirer diýýär. Ol Britaniýa hökümetiniň harytlaryň hilini gowulandyrmaga kömek edip biljekdigini belleýär. Hökümet öndürijilere gözegçilik etmek üçin söwda konsulyny (häzirki ABŞ-yň Söwda ministrligi we ş.m. ýaly) bellemeli. Konsulyň işi hökümete söwda we öndürijilik işlerinde maslahat bermekden ybarat bolar. Britaniýa ýokary hilli önümleri öndürer ýaly öndürijileriň üstündäki gözegçilik berk bolmaly.
Iň soňunda, T.Mun halkyň salgyt tölemeginiň söwdanyň galkynmagyna getirjekdigini aýdýar. Käbir kärhanalar anrybaş tohumlyk mallary ýurda getirmek islärler. Şolar ýaly ýagdaýlarda döwlet halkyň bähbidine boljak salgytlary ýola goýmaly. Eksport salgytlary az bolmaly, sebäbi olar Britaniýanyň harytlarynyň satylmagyna ýardam eder. Eger-de haryt soňundan eksport edilmek üçin import edilýän bolsa hem ol harytlara salgyt az bolmaly. Britaniýanyň raýatlarynyň sarp etjek harytlarynyň importyna bolsa uly möçberde salgyt goýulmaly.
Köpeldilen ýa-da azaldylan salgyt harytlara az zyýan getirýär. T.Mun agyr salgytlaryň azyk we dokmaçylyk önümleriniň nyrhyny barha artdyrjagyna we munuň işçileriň aýlyklaryna agyr täsir etjekdigine ynanýardy. Işçileriň gowy sapaly durmuşda ýaşamagy üçin aýlyklar galmaly diýen nazaryýeti öňe sürýär.
Haçan-da galan bahalar aýlyklaryň galmagyna sebäp bolan ýagdaýynda, Britan işçileriniň ýaşaýyş durmuşy üýtgemän öňküligine galýar we şoňa göra-de salgytlar baýlar tarapyndan tölenmeli bolýardy. Şol salgytlary tölemezlik üçin baýlar ýa dynman köp işlemeli, ýa-da aňrybaşy tohumlyk gowy mallary az ulanmaly. Iki ýagdaýda-da halkyň peýdasyna bolar. Döwletiň toplan salgytlary peýdasyz harç edilmeli däl. Olar toplanyp milli howpsuzlygy we ätiýaçlyk üçin ulanylmaly. Şol wagtyň özünde döwlet salgytlaryň baryny saklap, maýa üpjün edijiligini peseltmeli däl. Döwlet her ýyl salgytdan ulanan harajatlarynyň daşyndan ýyllyk söwda artykmaçlygyna barabar bolan salgyt artykmaçlygyny hem aýryp goýmaly.
T.Mun we merkantilizm XVIII-XIX asyrlaryň dowamynda başga ykdysadyýetçiler tarapyndan tankyt edilipdir. David Hume bazarda deňagramlylyk öz-özünden emele gelýar diýse, Franň.ois Quesnay we Adam Smit döwlet tarapyndan çäklendirmeler azalsa, ýerli öndürijilik ýokarlanar diýýärdi. Soňra David Riсard azat söwda görnüşini ösdürdi we ony ykdysatçylara gysga wagtda kabul etdirdi.
Emma XX asyrda merkantilist pikirleri ýene-de täzeden ýüze çykyp başlaýar. “Eksporta bolan talap ykdysadyýetiň güýçlenmegini artdyrar” diýip, John M. Keynes merkantilistleri öwýär. Ol muny özüniň “Umumy nazaryýet” atly kitabynyň “Merkantilizm barada bellik” atly 23-nji bölüminde belläp geçýär.
Merkantilist pikirleri Aziýada hem uly goldaw tapypdyr. Ýaponiýadaky XX asyryň ikinji ýarymyndaky ykdysady ösüş, merkantilist ykdysadyýetiň kömegi bilen gazanylandyr. Ýaponiýa döwleti öz harytlaryny ýokary ülňülere laýyklykda öndüripdir. Bu bolsa Ýaponiýany ýokary hilli mallary öndüriji hökmünde tanadypdyr. Ýaponiýa ykdysady ösüşini import üçin gadagan goýlan nyrhy we ýerli kapitaly daşary ýurt bäsdeşliginden gorama syýasaty (proteksionizm) päsgelçiligini döredip, eksporty bolsa goldap gazanypdyr.
T.Mun, ykdysadyýet ulgamynda uly bir alyş etmedik hem-de şu güne çenli ykdysadyýetçiler tarapyndan uly hormata mynasyp görülmedik hem bolsa, ol ykdysadyýet taryhynda öz yzyny galdyrdy. Döwletiň söwdadan galan peýdasyny döretmek we eksporty giňeltmek arkaly ykdysady galkyndyrma syýasaty Tomas Munuň ykdysadyýete goşan 2 baky goşandy bolup durýar.
Serdar GOWŞUDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Teswirler