Türkmenistan uzak geçmişiň dowamynda gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolupdyr. Ol dürli eýýamlaryň taryhy ýadygärliklerine baý. Şeýle taryhy ýadygärliklere baý gadymy mekanlaryň biri hem Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Zemm şäheridir.
Taryhyň dürli döwürlerinde Zemm, Şähri-Haňka, Şähri-Zeňňar, Kerkuh, Kirkuh ýaly atlar bilen meşhur bolan Atamyrat (Kerki) şäheriniň iňňän täsin geçmişi bar. Onuň her döwürde bir hili atlandyrylyşynyň aňyrsynda-da bu toprak bilen baglanyşykly taryhy wakalar ýatyr. Bu şäher diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa boýunça alanyňda-da örän gadymy hem-de geçmiş wakalaryna baý şäherdir. Aslynda, bir wagtlar bu ýerde alyslardan seleňläp görünýän Zemm atly gala bolupdyr. Bu gala Amyderýanyň kenar ýakasynda, ekerançylyk üçin iňňän amatly ýerde ýerleşipdir. Bu gala hiç mahal keseki ýurtly basy balyjylaryň nazarlaryndan sypmandyr.
Miladydan ozalky müňýyllygyň ortasyndan başlap, tä miladynyň III—IV asyrlaryna çenli, hatda irki orta asyrlar döwründe hem Zemm şäheriniň territoriýasynda iň oňat hem-de amatly geçelgeleriň biri —Amyderýanyň Kerkuh güzeri ýerleşipdir. Mawerennahrdan Horasana gidilýän uly söwda ýolunyň ugrunda ýerleşýän Kerkuh güzerinden Orta Aziýa, Kiçi Aziýa, hatda Hindistan ýaly alys ýurtlara gatnaýan söwda kerwenleri-de yzygiderli peýdalanyp gelipdirler.
Gadymy Zemm şäheriniň ilaty antik dünýäniň goh-gowgasy ýetik zamanynda-da, irki we orta asyrlarda-da, ondan soňraky eýýamlarda-da baý we gurply ýaşapdyr, çünki galanyň zähmetsöýer halky bolup, olar daş-töwerekdäki mes toprakly, ekerançylyk üçin örän amatly we giň giden boz ýerleri, öri meýdanlaryny, çemenzarlyklary, jeňňellikleri we derýa çalpawlyklaryny netijeli peýdalanypdyrlar. Bu bolsa ekerançylygyň we maldarçylygyň güýçli depginler bilen ösmegine oňaýly şertler döredipdir.
Şäherlileriň baý durmuşynyň, olaryň ykdysady we medeni taýdan gülläp ösüşiniň ýene bir esasy sebäbem onuň üstünden uly kerwen ýolunyň geçmegidir. Amyderýanyň uly geçelgesiniň, ýagny Kerkuh güzeriniň hemişe köp märekeli bolmagy-da, bu şäheriň ykdysady ösüşini ýokarlandyrypdyr.
Akademik W. Massoňyň belleýşi ýaly, Kerkuh geçelgesiniň ýanynda ilatyň ýaşan ýeriniň ýüze çykan we dowam eden wagty hakynda belli bir maglumat ýok, ýöne Kerkide duş gelen numizmatik tapyndylar maglumat bolup hyzmat edip bilerler. Olardan has irkileri 1913-nji ýylda Kerki şäheriniň territoriýasyndan miladydan öňki VI—IV asyrlarda ýaşap geçen Ahemeniler döwletiniň altyn pullarynyň, şeýle hem 1927-nji ýylda miladydan öňki 77—70-nji ýyllarda Parfiýa döwletinde hökümdarlyk eden patyşa Sinaturgyň kümüş drahmasynyň hem-de 1891 -nji ýylda 240—271-nji ýyllara degişli Şapur l-iň sasany kümüş teňňesiniň hem-de 1889-njy ýyllarda Kerkiniň geçelgesiniň golaýynda ýerleşýän depäniň üstünden inžener Kosakow tarapyndan 420 —438-nji ýyllara degişli Barahran V-niň sasany kümüş direwleriniň, Orta Aziýany araplar basyp almazyndan öňki zaman üçin häsiýetli bolan ägirt uly küýzeleriň, humlaryň, ýene-de Amyderýanyň çep kenaryndaky depäniň üstünde, geçelgäniň golaýynda we derýanyň sag kenarynda Kerkiçiniň öňki galasynyň harabaçylygynda kuşan-sasany wagtynyň syrçalanmadyk keramikasynyň tapylmagy bu ýerlerde ilatyň ýaşan ýeriniň bolandygyny aýdyň subut edýär.
Zemm ady bilen mälim bolan şäheriň ady ýazuw çeşmelerinde ilkinji gezek Merkezi Aziýa araplaryň çozup girmekleri mynasybetli agzalýar. Zemmiň ilatyna garşy baryp 672-nji ýylda ar-Rabynyň ogly Abdylla söweşipdir, emma ýaraşyk baglaşmaga we Mara gaýdyp gelmäge mejbur bolupdyr. Şonda ol Amyderýadan Zemmiň ýanyndaky geçelgeden geçipdir diýen maglumatlar getirilýär.
706-njy ýyllarda serkerde Kuteýba tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän arap goşunlarynyň Mawerennahra çozandygy taryhdan bize mälim. Olaram Peýkent şäheriniň üstüne çozmak üçin derýanyň sag kenaryna Kerkuh güzerinden geçipdirler.
Ýa bolmasa, arheologiki maglumatlar netijesinde Merweruddan Mawerannahra tarap köp gatnawly ýol şonuň üsti bilen geçýär eken. Munuň özi baryp IX asyryň başlarynda-da Zemmiň hazynasyna köp girdeji bermegine ýardam edipdir. Onuň ondan beýläkki ösmegi we güllemegi samanylar wagtynda bolupdyr. Baryp X asyryň başynda-da ilaty boýunça Amuldan (Köne Çärjew harabaçylygynyň ýerindäki) kiçi, emma tutýan ýeri boýunça takmynan şonuň ýaly şäher bolupdyr.
Zemmiň garşysynda, derýanyň sag kenarynda onunjy ýüz ýyllykda Ahsisek (häzirki Kerkiçiniň terhtoriýasynda) diýen şäherçe ýerleşipdir. Zemmiň ýanyndaky geçelgäniň ady Kerkuh, Ahsisekiň ýanyndakysynyň ady bolsa Banker ýa-da Baýker bolupdyr. Esasan, hut şol geçelgeler Zemmiň gülläp ösmegine uly goşant goşupdyrlar. Şunuň bilen onuň etraplarynda oňat ýeri meýdanlary hem bolupdyr, olarda köp sanly düýe we goýun sürüleri bakylypdyr.
Kerki hakynda Orta Aziýany mongollar basyp alandan soňky zamana degişli anyk maglumatlar iňňän az we bu şäheriň ençeme ýüz ýyllaryň dowamyndaky geçmişini dikeltmekde şol ýerde iş alyp baran arheologlaryň maglumatlarynyň ähmiýeti uly bolupdyr. Onuň ýanyndaky geçelgäniň ozalkysy ýaly köp gatnawlylygyna galanlygy mälimdir. Mysal üçin, 1504—1505-nji ýyllaryň wakalaryna degişli bolan «Babyrnamanyň» tekstinden şol wagtlarda Kerki geçelgesiniň ýanynda (Amyderýanyň orta akymyndaky iň gysby ýerde) edil Kelifdäki we Termezdäki ýaly ponton köprüsini gurmak boljak diýip hasap edilipdir. Tutuş harby birikmeler hem Kerki geçelgesinden geçipdirler. Meselem, 1552-nji ýylda Abdylla han özüniň goşuny bilen Amyderýadan geçenlerinde hut şu ýerden geçipdir. Ondan has soňrak 1863-nji ýylda täjirleriň kerweni bilen öz eşeginde A. Wamberi hem Kerkiçi şäherinden geçipdir.
A. Wamberi gelip-gidenden soň tizlikde Kerki üçin ösüşiň amatly zolagy başlanýar. 70-nji ýyllarda Kerki geçelgesi öz ähmiýeti boýunça Amyderýanyň orta akymynda diňe Kelif geçelgesinden pesräk oturypdyr. Şeýdip, Zemm Kerki ady bilen günlerimize gelip ýetipdir.
Gylyçdurdy DURDYÝEW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby
Teswirler