Göwheriň taryhyndan

Edebi mirasymyzda göwher gözelligi, onuň gözellerde bezeg zynaty hökmünde ulanylýandygy dogrusynda çeper beýan edilýär. Türkmen halky göwher gymmatlygyna taýsyz sarpa goýýar. Türkmenistanda hiç wagt göwher gazylyp alynmandyr. Onda-da Gubadagda, Köytendagda, Ýeroýlanduzda, Tüwergyrda, Balkanda göwher-almazyň himiki elementleri ýygy-ýygydan gabat gelýär.

XV asyrda Hindistanda, Haýdarabadyň golaýyndaky Golkonda galasy dünýäde özüniň göwher känini özleşdirmekde meşhurlyk gazanýar. Şol ýerden hem Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana, sähel soňra Ýewropa aralaşýar. Almaz köplenç dury, sarymtyl, mawumtyl, goňras, açyk gyzyl, ýaşl renkde duşýar. Gara reňkli almaz  juda seýrek gabat gelýär.

Aslynda göwher näme?

Türkmenleriň arasynda göwher «almaz» ýa-da onuň gyraňlanan görnüşi «brilliant» ady bilen meşhurdyr.

Almaz uglerodyň atomlarynyň iň dykyz birleşmesi hasaplanýar. Onuň düzüminde şungit, antrasit, grafil durýar. Almaz tebigy kristallik gyraňly gymmatbaha mineral. Brilliant bolsa onuň emeli ýol bilen gyraňlanan görnüşi.

Almaz adyny “almas” diýen arap sözünden ýa-da  “elma” diýen pars sözünden alýar. Ýewropa halklaryna brilliant ady bilen soň-soňlar aralaşýar. “Brilliant” «ýaldyrawuk, lowurdap duran» manyda ulanylýar.

Men ilki dünýäde iň uly Şa (Şah) göwher daşynyň taryhyndan söhbet açmakçy. Bu gymmatbaha daş hakynda Hindistanda syýahatda bolan fransuz syýahatçysy Tawemýe gyzyklanmak bilen täsirli ýazgylar galdyrýar. Tawemýe 1655-nji yylda mogol patyşasy Aurenzebanyň tagtynda bu göwheriň doga hökmünde asylgy durandygyny görýär. Bu daş XVI asyrda Hindistanyň Golorka galasynyň ýanyndan çapylýar we Ahmetnagar hanlygynyň garamagynda saklanylýar. Göwher soňra mogol dinastiýasynyň wekili Ekbere (Akbara) geçýär.

1739-njy ýylda Nedir şa Hindistany basyp alýar hem-de bu gymmatly bezeg daşyny Eýrana alyp gaýdyar. Ol Eyran şalarynyň hazynasynda bir asyra golaý saklanylyar.

1839-njy yylda Russiýanyň Tähranda ýören ilçisi, ýazyjy Aleksandr Sergeýewiç Grirxiýedowyň öldürilmegi bilen baglylykda, Eýran şazadasy Hysrow Mürze göwher daşyny han hökmünde Nikolaý I-e peşgeş berýär. Nikolay I bu almazy «Şa» (“Şah”) diýip atlandyrýar we döwlet hazynasynda saklaýar. Soýuz döwründe bu göwher daşy SSSR-iň Almaz fondunda saklanyldy.

Dünýä meşhur almazyň ýene biri “Kuh-i-Nuruň” taryhy-da täsindir.

1739-njy yylda Eýran şasy Nedir şanyň Hindistany basyp alandygyny ýatlap geçipdik.  Beyik mogollar dinastiýasynyn ullakan almazy hakynda eşiden Nedir şa bu gymmatlygy üzak wagt gözleýär we ahyry Muhammet şanyň sellesinde göterip ýörendigini eşidýär. Muhammet şa bilen gepleşik geçirmek üçin duşuşýar. Haçan-da hoşlaşyk wagty Nedir şa «Selläni çalyşmagy» teklip edýär. Aldawa düşen Muhammet şa selläni çäresiz çalyşmaly bolýar. Nedir şa selläni çözleyär. Lowurdap duran almaza gözi düşen şa “Kuh-i-Nur” (Dag şöhlesi)

Iňlis kotonizatorlary Eýrany koloniýa edip saklan döwründe “Kuh-i-Nur” atly almazy (10 karat) iňlis şa zenany Mariýa sowgat berýärler. Owadan almaz şu günki gün hem zenan täjiniň bezeginde durýar.

«Orlow» almazy XVII asyrda Hindistanyň Golkonda käninden alynýar. Onuň taryhy şeýle. Bu daş Hindistanyň Mad­ras şäherinde keramatly Brahman heýkeliniň gözi hökmünde oturdylýar. XVII asyryň başlarynda Hindistana gelen ýewropalylar Brahma heýkeliniň gözlerini ogurlaýarlar. Soň sähel wagtdan bu gymmatbaha daş Russiýa aralaşýar. Orlow tarapyndan bu almaz daşy Ýekaterina II peşgeş hökmünde berilýär we ol almazly göwher daşy imperatorlyk hasasyna oturdylýar.

Baýry BAÝRYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok